Žurnalistiň sahypasy

Bitaraplyk — köňülleriň birligi

06-12-2023 / 24

Bitaraplyk – türkmen  ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş eýlän mukaddeslik, türkmen üçin ömrüniň aýdymyna, bagtly gelejege gönezlik boljak her bir günleň öýdümine deňelýän gymmatlyk, türkmeniň Watan içre Watany hasaplaýan, halkymyzy müdimilik juwan eýlän baýlyk, agzybirligiň nyşany.

Türkmen öňde-soňda abat we berkarar durmuş üçin göreşen halk. Watanymyzyň basyp öten ýoluny, amala aşyran taryhy işlerini hasaba alsak, bu günki parahatlygymyzyň, Bitaraplyk derejämiziň, ýeten sepgitlerimiziň, ine, şol agyr we muşakgatly döwrüň öwezine berlendigini bilmegimiz gerek. Şeýle beýik derejäni hiç kim mesaňa diýip, eliňe getirip ýa-da ony gazananyňdan soň gorap bermeýär.

Döwlet hökmünde dünýäde öz ornuňy tapmak, özüňi ykrar etdirmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Bu mesele Garaşsyzlygyny gazanan islendik ýaş döwletiň öňünde keserýän ilkinji mesele. Dünýädäki set-müň halkyň, milletiň ählisine, asla, garaşsyz döwletli bolmak bagty-da miýesser etmändir. Onsoň, Garaşsyzlyk diýen her kese ýetdirmeýän bagty gazananyňdan soň, ony näderejede apalamalydygy, goramalydygy öz-özünden düşnüklidir. GARAŞSYZLYK hem-de BITARAPLYK. Bu iki mukaddeslik indi çärýek asyrdan gowrak wagtyň içidir dünýä kartasyna keşde ýaly ýaraşyp duran Türkmenistan döwletiniň goşa ganaty, milletimiziň döwletliliginiň güwäsi.

Watanymyz turuwbaşdan beýleki döwletleriňkä meňzemeýän, olaryň ülňülerine gabat gelmeýän türkmeniň özboluşly milli häsiýetinden, däp-dessurlaryndan, parahatçylyk söýüjiliginden ugur alýan daşary syýasat ýörelgelerini işläp düzdi. Ilkinji nobatda, halkara hukuk düzgünlerini ileri tutmagy, halkara meselelerini güýç ulanmazdan, özara düşünişmek ýoly bilen çözmek, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk, hoşmeýilli Bitaraplyk, harby ýa-da syýasy toparlanyşyklara goşulyşmazlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, «açyk gapylar» syýasaty, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlaryny düzýär.

Iş ýüzünde Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan gününden başlap, bitaraplyk syýasatyny ýöredip başlapdy. Aslynda, bitaraplyk türkmeniň ganynda bar häsiýet. Garaşsyz Türkmenistan türkmeniň içki häsiýetindäki dawadan-şerden gaça durmak islegini döwletiň daşary syýasaty derejesine galdyrdy.

Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynda döwlet bähbitleri we halkyň ruhy däp-dessurlary birleşendir.

Ziba JORAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň iňlis dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu