Žurnalistiň sahypasy

Bitaraplyk — egsilmez bagt

05-12-2023 / 14

Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatsöýüjilik, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýaly häsiýetleri we däpleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar.

Türkmenistan oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýär. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary hem-de dünýäniň 150-den köpräk döwleti bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, dünýäniň beýleki iri guramalary bilen hyzmatdaşlygy täze ösüşlere eýe bolýar.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ata Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraý-derejesi, şan-şöhraty barha artýar. 2015-nji ýylyň iýun aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasynyň gaýtadan biragyzdan kabul edilmegi aýratyn mazmuna eýedir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde bolsa her ýylyň 12-nji dekabryny «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Şeýle mazmunly resminamanyň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistan döwletimiziň dünýä arenasyndaky abraýynyň örän ýokarydygyny ýene-de bir gezek subut etdi. Şondan bäri 12-nji dekabrda diňe bir Türkmenistan döwletimizde däl, eýsem, tutuş Ýer ýüzünde Halkara Bitaraplyk güni bellenilip geçilýär. Munuň özi Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň Zemin içre özboluşly goldaw tapmasy we dabaralanmasy bolup ýaňlanýar. Hut şonuň üçin hem hemişelik Bitaraplygyň biziň halkymyza beren egsilmez bagty barada bu gün ýene bir gezek pikir öwürmek örän ýerliklidir.

Bägül JUMAGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu