Žurnalistiň sahypasy

Bitaraplyk we ýaşlar

05-12-2023 / 12

Garaşsyzlyk halkyň ýagşy umyt-islegleriniň hasyl bolan ajap eýýamydyr. Özbaşdak döwlet hökmünde syýasy, ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygaryny baýdak edinen Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi Garaşsyzlygyň beren iň datly miwesidir. Hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk ýagdaýy bilen bagly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda kabul edilen Rezolýusiýalar halkara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň taryhynda halkara hukugynyň instituty hökmünde hemişelik Bitaraplygy resmileşdirýän resminamalar bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän belent maksatlarynyň, oýlanyşykly wezipeleriniň hatarynda dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmegiň ileri tutulmagy we olara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesliniň aýratyn ornunyň ykrar edilmegi bellenmäge mynasyp. Çünki häzirki wagtda Ýer ýüzünde-de, Türkmenistan döwletimizde-de ilatyň aglaba bölegini ýaşlar eýeleýär. Şoňa görä-de, ýaşlar başlangyçly, gujurly, tutanýerli, köptaraplaýyn ukyplarynyň we mümkinçilikleriniň ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde  Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, şol sanda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylmagynda möhüm hereketlendiriji güýç bolup çykyş edýär diýsek ýalňyşmarys. Ýurduň geljegi bolan ýaş nesliň işjeň we başlangyçly ornunyň ykrar edilmegi bolsa, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda ileri tutulýar.

Soňky wagtlarda halkara jemgyýetçiliginiň parahatçylygy üpjün etmäge, dünýä halklarynyň häzirki we geljekki durmuşynyň abadan bolmagyny gazanmaga äşgär çagyryşlar giň gerime eýe bolýar. Olaryň esasy wezipesi-de her bir döwletiň ykbalyna täsir edýän çylşyrymly ýagdaýlaryň oňyn we özara bähbitli çözgüdini tapmak, düşünişmegi we ynanyşmagy gazanmak bilen gönüden-göni baglydyr.

Dünýä bileleşiginiň hemmeler üçin parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy we adalatly durmuşy gazanmaga bolan meýillerinde ýaşaýşyň dowamlylygyny üpjün edýän ýaşlaryň hem jogapkärli orny eýeleýändigini görmek bolýar.

Gözel GURBANBAÝEWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu