Žurnalistiň sahypasy

Bitaraplyk şöhraty

06-12-2023 / 13

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda özygtyýarly Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň berkidilen gününiň 28 ýyllygyny baýram edýär. Türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan bu şöhratly sene, mälim bolşy ýaly, öz gözbaşyny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndan alyp gaýdýar. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şanly 50-nji mejlisinde BMG-niň şol wagt düzümine giren 185 agza döwletleriniň biragyzdan ses bermeginde «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyz dünýä tejribesinde ilkinji gezek bitarap döwlet diýlip yglan edildi.

Ýyllarboýy Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli, oňyn başlangyçly, hoşniýetli goňşuçylykly bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip gelýär. Ýurdumyzyň Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmak, howpsuzlygy üpjün etmek we parahatçylygy pugtalandyrmak, sebit derejesinde ýakyn-u-alysdaky ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam etmek babatdaky tagallalary ählumumy ykrarnamasyna eýe bolýar. Ýokarda agzalan resminamanyň gaýtadan,  Halkara Bitaraplyk gününi yglan edýän Kararnamanyň, «Halkara parahatçylygy,  howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, BMG-niň çäklerinde döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna dünýä döwletleriniň birnäçesiniň goşulmagy munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň dowam edýän  Bitaraplyk taglymaty hem öňegidişliklere beslenýär. Gysga wagtyň içinde köp sanly daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrmak boýunça netijeli işleriň geçirilendigine hemmämiz şaýat.

Maral HANMEDOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu