
Golaýda Mary welaýat gümrükhanasy tarapyndan ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygynyň möhüm ugurlarynyň birine bagyşlanan pudagara maslahat guraldy. Mary welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň we «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň degişli şahamçasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda guralan maslahat «Ýurdumyzyň gümrük çäginden gümrük üpjünçiligi bilen demir ýol ulaglarynda daşalýan harytlaryň wagonlardaky kybaplaýyş serişdeleriniň ýok edilmegi, zaýalanmagy, üzülmegi we goparylmagy bilen bagly düzgün bozulmalaryň öňüni almak» atly tema bilen bagly boldy.
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýan döwründe bu ugurdaky işleriň kanunalaýyk guralmagynyň möhüm ähmiýetlidigini ýatladýan bu maslahatda netijeli çykyşlara aýratyn orun berildi. Pudagara maslahatyň dowamynda çykyş edenler hem milli kanunçylygymyza laýyklykda gümrük gözegçiliginiň göwnejaý amala aşyrylyşy, eksport we import edilýän hem-de üstaşyr geçýän ýüklerde wagonlardaky kybaplaýyş serişdeleriniň talabalaýyk saklanylyşyna bildirilýän talaplar dogrusynda belläp geçdiler.
Çünki häzirki wagtda Garaşsyz ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileri tarapyndan öndürilýän önümleriň awtoulag serişdeleri bilen bir hatarda demir ýol wagonlary arkaly hem yzygiderli eksport edilmeginiň mukdarynyň artýandygy bellenilmäge degişlidir. Şoňa görä-de, gümrük talaplarynyň we kadalarynyň dogry berjaý edilmegi, döwletara gatnaşyklary, söwda dolanyşygyny ösdürmek bilen bir hatarda ykdysady howpsuzlygyň hem netijeli goralmagyny talap edýär.
Maslahatyň barşynda şular dogrusynda edilen täsirli çykyşlar, oňa gatnaşyjylarda mundan beýläk hem degişli düzümleriň işini sazlaşykly we maksadalaýyk guramaga usuly itergi berdi.
Biz hem şu taryhy döwürde ata Watanymyza ak ýürekden gulluk edip, ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny goramaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän hem-de Watany söýmegiň belent nusgasyny görkezýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.
Döwletgeldi AMANDURDYÝEW,
Mary welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.



