
Magtymguly Pyragy diýlende, akyldar şahyryň halkymyzyň aňyna, ruhy dünýäsine ornaşan, durmuşynyň bölegine, terbiýeçilik ýörelgesine öwrülen öçmez-ýitmez döredijiligi seriňe gelýär.
Magtymguly Pyragy türkmeniň at-owazasyny dünýä ýaýan akyldar şahyrdyr. Ol H.Ferdöwsi, A. Nowaýy, S.Şirazy, A.Jamy ýaly Gündogar edebiýatynyň ägirtleriniň eserlerini içgin öwrenip, ylym-bilim ýüküniň üstüni ýetirip, öz döwrüniň görgür gözi, owazly sesi, duýgur ýüregi hökmünde öňe çykýar. Akyldar şahyrymyz öz ýaşan döwrüne çenli ýazuwda giňden ulanylan arap-pars dillerinde däl-de, eýsem, türkmen dilinde ajaýyp şygyrlary döredip başlaýar. Onuň döredijiliginiň örüsi örän giň bolup, agzybir ýaşamak, bitewi türkmen döwletini gurmak meseleleri şahyryň goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Edebiýat äleminiň beýik söz ussady Magtymguly atamyzyň goşgulary dürli meseleleriň çözgütlerini, pelsepewi garaýyşlaryň giden toplumyny özünde jemleýär. Şahyryň şygyrlar dünýäsi nusgalyk terbiýe mekdebidir. Ajaýyp zamanamyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde alymlar, edebiýaty öwrenijiler, magtymgulyşynaslar üçin şahyryň döredijiligini, golýazmalaryny ylmy esasda öwrenmäge giň şertler, uly mümkinçilikler döredildi.
Şeýle tutumly işleriň netijesinde Magtymguly atamyzyň eserleri dünýä ýaýylyp, ähliadamzat gymmatlygynyň derejesine göterildi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem şahyryň dünýä edebiýatyndaky belent abraýynyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň milletiň beýik şahyryna bagyşlap döreden «Magtymguly Pyragy pähim-paýhas ummany» atly ajaýyp goşgusy geljek ýylda doglan gününiň 300 ýyllygy uludan belleniljek Magtymguly Pyragynyň şan-şöhratyny, hormat-sarpasyny has-da artdyrdy.
Magtymguly Pyragy asyrlaryň we nesilleriň şahyrydyr. Onuň döredijiligine näçe çuň aralaşdygyňça, dünýägaraýşyň giňelýär, seniň öňüňde täze bir dünýä açylýar. Ajaýyp zamanamyzda dana şahyryň döredijiligini çuňňur öwrenmäge, wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredildi. Edebi mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak ugrunda yzygiderli aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaç alsyn!
Babahan EÝEBERENOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.



