
Mälim bolşy ýaly, Birleşen Arap Emirliklerinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty (COP28) geçirilýär. Şu ýylyň 12-nji dekabryna çenli dowam etjek bu iri foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekiller, şol sanda döwlet we hökümet Baştutanlary, ugurdaş döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, bilermenler, raýat jemgyýetçiliginiň, işewür toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşýarlar.
Döwlet Baştutanymyz ýokary derejeli forumyň münberinden metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara tagallalara saldamly goşant goşýan ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny hem-de howa meselelerini çözmek boýunça halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň howa boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmagy bilen, birnäçe degişli milli maksatnamalar kabul edildi. Şolara laýyklykda, metanyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmaga we olaryň ýaramaz täsirlerini aradan aýyrmaga gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. Gürrüň, ilkinji nobatda, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalaryny, aýratyn-da, olary energetika, senagat we ulag pudaklaryna ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmek hem-de peýdalanmak barada barýar. Şeýle hem forumdaky çykyşynda hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 13-nji noýabrynda sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň möhüm ähmiýetini aýratyn nygtady. Şol sebit maksatnamalary howa tehnologiýalaryny Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň döwletlerine geçirmäge gönükdirilendir. Bu resminama Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini açmak baradaky meselä jikme-jik garamak üçin ilkinji ädim hem-de düýpli hukuk şerti hökmünde garalýandygyna üns çekildi.
Ýer ýüzüniň bagtyýar we abadan geljeginiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge hem-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny beýan edýän Türkmenistan ýokary derejeli köptaraplaýyn duşuşykda taýýarlanylan resminamalary, hususan-da, Howa we saglyk boýunça Jarnamany, Durnukly oba hojalygy, durnukly azyk ulgamlary we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Emirlikler Jarnamasyny, şeýle hem birnäçe başlangyçlary, şol sanda Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça belent maksatly, köp derejeli hyzmatdaşlyk üçin “COP28” koalisiýasyny döretmek hakyndaky başlangyjy goldady.
Ählumumy forumyň dowamynda köp döwletleriň Baştutanlary we hökümet ýolbaşçylary ekologiýa, azyk howpsuzlygy, tebigy betbagtçylyklardan goranmak, “ýaşyl” energetika meseleleri, howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýeňip geçmek üçin az ösen ýurtlara maliýe goldawyny bermek babatda öz ýurtlarynyň garaýyşlaryny beýan etdiler.
Maksatjan NURIDDINOW, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 2-nji ýyl talyby.



