
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly rezolýusiýasyna laýyklykda, Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy 1995-nji ýylda dünýäniň 185 döwleti tarapyndan, 2015-nji ýylda dünýäniň 193 döwleti tarapyndan goldanyldy. Dünýäde ilkinji gezek döwlete bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iki gezek tassyklap bermek Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen 12-nji dekabr Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasy özüniň ähli agzalaryny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmaga, goldamaga çagyrýar.
Bitaraplyk hukuk ýagdaýy türkmen halky üçin buýsanjyň, bagtyň gözbaşy. Hemişelik Bitaraplygymyz hem, edil Garaşsyzlygymyz ýaly, ýakymly, dabaraly baýram. Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk bu türkmen halkynyň goşa ganaty. Şol goşa ganata daýanyp, halkymyz ösüşleriň belentligine tarap öňe barýar. Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, halkara bileleşiginde abraýynyň artmagynda Bitaraplygyň ähmiýeti uludyr.
Hemişelik Bitaraplyk asuda ýaşaýşyň, agzybir durmuşyň, ertire bolan ynamyň kepillendirilmesi, arkaýyn okamak, öwrenmek, döretmek mümkinçiligi. Hemişelik Bitaraplyk baky abadançylyk. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarlydygyny subut eden döwletimiziň dünýä ýüzündäki abraýynyň belentdigi sebäpli 2007-nji ýylyň dekabrynda halkara bileleşiginiň goldamagynda Aşgabatda döredilen Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň gözel paýtagtymyzda açylmagy aýratyn bellärliklidir.
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi sebitde durnuklylygy ýola goýýar we netijeli özara gatnaşyklary berkidýär.
Bessir HANSAPAROWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 5-nji ýyl talyby.



