
Bu gün agzybir halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň esasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip yglan edilen 2023-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 28 ýyllyk baýramyny aýratyn ruhubelentlik we uly şatlyk bilen toýlaýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy döwlet Garaşsyzlygynyň we howpsuzlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ol Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarda berkidilendir. Bu kanun ýurduň bitaraplygynyň syýasy, ykdysady we ynsanperwer esaslaryny kesgitleýär hem-de bitaraplygyň esasy ýörelgelerini we kadalaryny belleýär.
Türkmen Bitaraplygy gelip çykyşy boýunça ykrar edilen, mazmuny boýunça oňyn, görnüşi boýunça hemişelik bolup durýar. Ýagny Bitaraplyk hukuk derejesi gelip çykyşy boýunça BMG-niň taryhynda ýeke-täk tejribe bolan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Rezolýusiýalary bilen tassyklanyldy. Mazmuny boýunça ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek babatda alyp barýan işjeň meýillerini öz içine alýar.
Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň fewral aýynyň 2-ne Türkmenistanyň Bitaraplygyny geosyýasy deňagramlylygyň hem-de durnuklylygyň görkezijisi hökmünde ykrar etmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynda dekabr aýynyň 12-si «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik paýhaslary we tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiziň ösüşi milli ruhuna laýyk gelýän dünýä nusgalyk ýoly bilen öňe ilerleýär. Beýik döwürde bagtyýarlygyň hözirini görüp ýaşaýan agzybir il-ulsumyz halkyny bagtly, abadan durmuşda ýaşatmak üçin yhlasly zähmetini gaýgyrmaýan hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, ajaýyp geljege barýar.
Ýulduz ALLAÝAROWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 5-nji ýyl talyby.



