Žurnalistiň sahypasy

Beýik ynsanperwer şahyr

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

20-11-2023 / 11

Magtymguly Pyragy — dünýä ähmiýetli şahsyýet. Şahyryň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Magtymguly Pyragynyň täze joşgunda, belent ruhda ýaňlanýan şygryýeti häzirki döwürde dünýäniň halklary bilen dostluk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň waspçysyna öwrüldi.

2022-nji ýylda TÜRKSOÝ-nyň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde 2024-nji ýyl «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de ýurdumyzyň Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu taryhy wakalar halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şonuň bilen birlikde-de, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny has-da dabaralandyrmaga, onuň edebi mirasyny giňden wagyz etmäge uly ýardam berer.

Ussat şahyryň döredijiliginiň ähmiýeti hem-de orny dünýäde ykrar edilýär, edil şonuň ýaly-da halkymyzyň dünýä medeniýetine, ylmyna, edebiýatyna, sungatyna mynasyp goşant goşýandygyny alamatlandyrýar. Milli şahyrymyzyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň — ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem muny tassyklaýar. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramçylygy ÝUNESKO-nyň 2024-2025-nji ýyllardaky şanly seneleriniň sanawyna girizildi.

Milli Liderimiziň beýik şahyra bagyşlap ýazan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy ähli ildeşlerimiz tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edildi we daşary ýurtlarda-da oňyn seslenme döretdi. Hormatly Arkadagymyzyň milletimiziň baý medeni mirasyny gorap saklamak, öwrenmek we wagyz etmek boýunça ýadawsyz tagallalary, hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan yzygiderli işleri dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Eziz EMINOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu