Žurnalistiň sahypasy

Bitaraplyk ýalkymy

30-11-2023 / 15

Türkmen halkynyň şöhratly taryhy bolup, onda ýaş nesillerimize nusga alarlyk gymmatlyklar sanardan kän. Şol gymmatlyklaryň biri-de Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk syýasaty hem öz köklerini halkymyzyň geçmiş taryhyndan alyp gaýdýar.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan oňyn Bitaraplyk, ynsanperwerlik ýaly ýörelgeleriň öňe sürülmegi, şöhratly taryhymyzy çuňňur öwrenmeklige giň ýol açyp bermegi, halkymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermekde, ýaş nesliň ene topragyna söýgüsini artdyrmakda we ýurduna wepalylygy terbiýelemekde örän ähmiýetlidir. Şol esasynda hem türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Adam üçin, adamlar üçin iň ýokary derejeli gymmatlyk bolsa, Zeminiň abadanlygydyr, sagdyn durmuşda, eşretiň hözirini görüp ýaşamakdyr. Dünýäniň iň öňdebaryjy taglymatlarynyň durmuşda ähtibarlylygynyň sebäbi hem olaryň parahatçylyksöýüjiligiň we dostlugyň güýjüne esaslanýanlygyndadyr»  diýip bellemegi, ata-babalarymyzyň goňşy ýurtlar, halklar bilen parahatçylykly ýaşandyklaryny aýdýar, ýa-da «Parahatçylyk sazy-dostluk doganlyk sazy» atly kitabynda hem birek-birege hormat goýmak, dost-doganlyk gatnşyklaryny alyp barmak, medeniýetiň, sazyň güýji bilen parahatçylygy ýola goýmak ýaly häsiýetler görkezilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitaraplygymyzyň eşreti ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň ösüşinde, halkara gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagynda we berkemeginde aýdyň beýanyny tapdy.  Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwletli syýasaty döwletara gatnaşyklarynda ygtybarly we ygrarly bolmagyň, hakykatyň we dоgruçyllygyň öňdebaryjy оrun tutýandygyny äşgär edýär.

Kerim DÖWRANOW,
TOHI-niň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu