Žurnalistiň sahypasy

Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi

29-11-2023 / 12

Paýtagtymyzda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçirilýär. Şu gezekki sergi ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen işlerde uly üstünlikleri gazanmaga täze itergi berjek möhüm wakadyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow azyk senagaty pudagyny ösdürmek hem-de ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, oba hojalyk düzümleri üçin bäsdeşlik gurşawyny döretmek, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, oba hojalyk ylmyny, hususan-da, tohumçylygy ösdürmek, täzeçil usullary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrmak, durmuş meseleleriniň oňyn çözülmegi obasenagat toplumyndaky giň möçberli özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek maksadyndan ugur alnyp, anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Şunda däneçilik, pagtaçylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk, guşçulyk, bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk, balçylyk we beýleki ugurlar işjeň ilerledilýär.

Diýarymyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň hem-de Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde degişli çäreler amala aşyrylýar. Pudagyň öndürýän önümlerine bolan isleg hasaba alnyp, oba hojalyk önümçiligini howa şertlerine uýgunlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler geçirilýär. Türkmenistan bu ugurdaky halkara tagallalary goldamak arkaly degişli meseleleri çözmek üçin geljegi nazarlaýan deňeçer çözgütleri işläp taýýarlamakda başlangyçly we işjeň ornuna üýtgewsiz eýerýär.

Döwlete dahylsyz ulgamyň ykdysadyýetde eýeleýän ornunyň barha artdyrylmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň we azyk bolçulygyny üpjün etmegiň ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarydygyny bellemelidiris. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Azyk we oba hojalyk guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyzyň 2015-nji ýylda üçünji müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň biri hökmünde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda gazanan üstünligi üçin BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

Şu gezekki gözden geçiriliş oba hojalyk pudagynda diňe bir ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orun eýeleýän işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini hem görkezýär. 

Maksat RAZZAKOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň buhgalteri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu