
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň goldawy bilen Türkmenistanyň teklip etmeginde, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň 42-nji mejlisinde kabul edilen degişli Kararnama laýyklykda, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy.
Ýurdumyza ÝUNESKO-dan gelip gowşan hoş habar beýik şahyrymyzyň umumadamzat medeni gymmatlyklaryna goşan goşandynyň ýene bir ykrar edilmegidir.
Bilşimiz ýaly, geljek 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli halkara derejede birnäçe çäreler geçiriler. Beýik akyldaryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem gymmatly edebi mirasyny düýpli öwrenmek bilen, ylmy monografiýalary ýazmak, kitaplary taýýarlamak, makalalar hem goşgular ýygyndylaryny çap etmek, «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny», «Magtymguly portalyny» döretmek we ony neşir etdirmek ýaly ençeme işleri berjaý etmeklige girişildi.
Umuman, şu günler Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli taglymatyny dünýä ýaýmak babatda saldamly işler alnyp barylýar. Akyldar şahyrymyzyň, türkmen we türki dilli halklar bilen bir hatarda, ähli milletlerdir halklar tarapyndan ykrar edilmeginiň esasy sebäbi, eserlerinden duýluşy ýaly, onuň ýüreginiň halk, adamzat we dünýäniň abadançylygy diýip urmagyndadyr.
Güljahan AŞYROWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.



