
Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerde täze obalar we şäherçeler, döwrebap maldarçylyk toplumlary, elewatorlar, ýyladyşhana hojalyklary, azyk önümlerini öndürýän kärhanalar, iri sowadyjy ammarlar hem-de suw arassalaýan desgalar guruldy. Munuň özi bu ugurda köpdürli ösüşleri şertlendirýär.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bugdaý we pagta öndürmek bilen bir hatarda ýeralma, şugundyr, şaly, beýleki gök, däneli we bakja önümlerini ýetişdirmek üçin meýdanlar bölünip berilýär. Täze bagdyr üzüm meýdanlary döredilýär. Bularyň ählisi obasenagat toplumynyň tehniki üpjünçilik derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny talap edýär. Döwrebap tehnikalara, mehanizasiýa serişdelerine hem-de aýry-aýry tehnologik işleriň awtomatlaşdyrylmagyna zerurlyk ýüze çykýar.
Zähmetiň ýokary derejede mehanizasiýalaşdyrylmagy we awtomatlaşdyrylmagy oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm ugrudyr. Obasenagat toplumynyň inžener-tehniki üpjünçiliginiň meseleleri innowasion esasda çözülýär. Ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän döwrebap tehnikalar satyn alynýar. Oba hojalygyny dünýäniň ýokary öndürijilikli tehnikalarydyr enjamlary, bugdaý, pagta ýygýan kombaýnlary bilen üpjün etmekde oňyn tejribe toplandy. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlary bolan «John Deere» hem-de «CLAAS» kompaniýalary bar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda suwarymly ekerançylyk babatda-da ägirt uly tejribe toplandy. Giň gerimli suw hojalyk taslamalary durmuşa geçirilýär. Ýerleriň hasyllylygyny dikeltmek, täze tarp ýerleri özleşdirmek boýunça giň möçberli taslamalar amala aşyrylýar. Meliorasiýanyň öňdebaryjy usullary ulanylýar. Ekerançylykda we bagbançylykda ýokary hasyl berýän ekinleriň we miweli baglaryň görnüşlerini köpeltmek, ýüpekçiligi ösdürmek, ýokary hilli pile önümlerini öndürmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Şanur ŞYHYÝEW,
TOHI-niň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.



