Žurnalistiň sahypasy

Öňden gelýän dostlukly gatnaşyk

26-11-2023 / 11

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasatynda ajaýyp üstünlikler gazanylyp, dünýä halklary bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyklar ösdürilýär. Ýurdumyzyň ählumumy we sebitleýin geosyýasatda möhüm ähmiýete eýe bolan halkara abraýy dowamly pugtalandyrylyp, dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň durmuşa geçirilmegine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Türkmenistan we Türkiýe baý taryhy we medeni mirasa eýe bolan ýurtlardyr. Türkmen hem-de türk halklarynyň öňden gelýän dostluk gatnaşyklary taryhy-medeni däpleriniň umumylyklary, köpasyrlyk söwda we ynsanperwer gatnaşyklary, häzirki döwürde bolsa garaýyşlarynyň meňzeşligi bilen baglanyşyklydyr. Şu günki günde döwletleriň ikisi-de parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýärler, özleriniň ählumumy asudalyk we howpsuzlyk ýörelgelerine, şeýle hem durmuş-ykdysady ösüşe berk ygrarlydyklaryny görkezýärler.

Daşary ýurtlar bilen alnyp barylýan ykdysady gatnaşyklaryň çäginde işjeň maýa goýum syýasatyna aýratyn orun degişlidir. Bu babatda hem Türkiýe bilen Türkmenistanyň gatnaşyklary ýokary derejelere çykarylandyr. Dünýä belli RÖNESANS, POLIMEKS, ÇALIK ENERJI, NET YAPI ýaly iri türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda müňlerçe önümçilik we medeni durmuş maksatly desgalar gurlup ulanylmaga berildi. Türkmenistanda we Türkiýe Respublikasynda halkara sergiler hem-de işewür maslahatlary yzygiderli geçirilýär. Şunuň ýaly möhüm çäreleri geçirmeklik indi bu iki ýurduň arasynda asylly däbe öwrülendigini bellemek gerek.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ösüş ýyllarynda hyzmatdaşlygyň berk şertnama-hukuk binýady döredildi. Ol ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyny özünde jemleýär. Oňa laýyklykda, tutuş sebitde durnuklylygy we gülläp ösüşi üpjün etmekde ägirt uly ähmiýeti bolan bilelikdäki wajyp taslamalaryň onlarçasy amala aşyryldy hem-de olaryň durmuşa geçirilmegi dowam edýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk topary möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki ýurduň dürli pudaklarynyň, hususy düzümleriniň arasyndaky ähli gatnaşyklaryň höweslendirilmegi maksadalaýyk hasaplanylýar.

Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hem netijeli özara hereket etmek arkaly, häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň umumylygyny ýa-da meňzeşligini görkezýärler. Soňky ýyllarda türkmen döwleti dünýä syýasatynyň gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda global we energetiki howpsuzlygy üpjün etmek, ulag-logistik ulgamy ösdürmek, daşky gurşawy goramak, söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak ýaly möhüm ugurlar boýunça halkara başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Türkmenistanyň syýasy başlangyçlary we pikirleri halkara giňişlikde uly goldaw tapýar. Biziň ýurdumyz üçin ýakyn hyzmatdaşlaryň goldawy aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistan, öz gezeginde, Türkiýe Respublikasynyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy saklamaga gönükdirilen daşary syýasy tagallalaryny goldaýar. Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi, çuňlaşdyrylmagy babatda uly mümkinçiliklere eýe bolup durýandyklaryny bellemek zerur.

Amangeldi ARAZKULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu