
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesle çuňňur bilim we terbiýe bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şundan ugur alyp, men öz guraýan sapaklarymyň okuwçylaryň ýadynda gowy galmagyny hem-de täsirli bolmagyny gazanmak üçin ony gyzykly oýunlar bilen baglanyşdyrýaryn.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, bilim edaralary döwrebap innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Bu bolsa mugallymlaryň iş usullarynyň kämilleşmegine oňyn ýardam edip, okuwçylaryň-da sapaga bolan gyzyklanmalarynyň artmagyna itergi berdi. Okuwçylar bilen matematika sapagyny guranymyzda, multimedia tagtasynyň ähmiýeti ýokary bolýar. Sebäbi çagalar gören zatlaryny gowy ýadynda saklaýarlar. Multimedia tagtasynda sapak bilen baglanyşykly görkezýän şekillerim olaryň ünsüni özüne çekýär we sapagy özleşdirmeklerine oňat täsir edýär.
Şeýle usullar arkaly okuwçylarymyň özbaşdak okamak, ýatdan hasaplap netije çykaryp bilmek, owadan we arassa ýazmak ýaly endikleriniň ösdürilmegine aýratyn üns berýärin. Bularyň ählisini bolsa oýunlar bilen baglanyşdyryp alyp barmak özüniň oňat netijelerini berýär.

Sapaga başlanymda çagalardan öýe berlen ýumşy soraýaryn. Olar uly gyzyklanma bilen çözen mysallaryny görkezýärler. Men okuwçylaryň bu mysallary dogry işländiklerini, şonuň ýaly-da okuw depderlerinde hatlaryny owadan we arassa ýazyşlaryny barlaýaryn. Mysallary düşünip işländiklerini anyklamak üçin olaryň käbirine mysallary sesli okadýaryn. Bu bolsa olaryň ýatkeşliginiň artmagyna, matematikanyň ilkinji düşünjelerini oňat özleşdirmegine ýardam berýär.
Her sapagyň şeýle guralmagy okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşmaklaryna, bilim derejesiniň kämilleşmegine, pikirleniş endikleriniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Arzygül DÖWLETSÄHEDOWA,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň mugallymy.



