Žurnalistiň sahypasy

Daýhandan — hereket…

27-11-2023 / 14

Ata-babalarymyz az ýerden köp hasyl almagy mydama öz öňünde maksat edip goýupdyr. Olar «Daýhançylygyň azy ýagşy, çarwaçylygyň — käni» diýen pähimi nesillere miras galdyrypdyrlar.

Şundan ugur almak bilen, Lebap welaýatynyň daýhanlary-da ýerden göwün diýen hasylyny almakda yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Sebitiň daýhan birleşiklerinde her gektardan 50 sentnere ýetirip pagta hasylyny alan daýhanlaryň sany geçen ýyl 2,5 müňe ýeten bolsa, bu ýyl 3 müňdenem geçdi.

Pagta — ýurdumyzyň milli baýlygy, ene ýeriň daýhana eçilýän sahawaty. Pagtadan alynýan önümleriň görnüşi 30-dan hem geçip, olara dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan nah egirme fabriklerinde öndürilýän dürli ölçegdäki ýüplükleri 10-dan gowrak ýurt satyn alýar. Şol süýümlerden fabriklerimizde dokalýan matalaryň möçberi-de ýylsaýyn artýar.

«Daýhan baýasa, ýurt baýar» diýlişi ýaly, bu günki gün türkmen daýhanlary eli uzadan ýerine ýetýän mally-mülkli adamlar boldy. Olar bu ýyl hem bugdaýdan boşan ýerine mekgejöwen, mäş, noýba, şaly, gawun-garpyz ýaly aralyk ekinleri ekip, bol hasyl aldylar. Her gektardan 40 — 50 tonna sogan, 3-4 tonna noýba, 8 — 10 tonna şaly alan ýer eýeleri ak bazarlarymyzy azyk önümleri bilen doldurmaga uly goşant goşdular. Munuň özi Diýarymyzda türkmen ekerançylarynyň zehinini we zähmetsöýerligini, mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatyny alamatlandyrýar.

Batyrguly ÖWLÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu