
Şu günlerde daýhanlaryň aladalary diňe bir «ak altyny» ýygnamak bilen çäklenmeýär. Olar güýzlük bugdaýa agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ideg etmegi hem dowam etdirýärler.
Gallaçy kärendeçiler şu günki garaşygyň bol hasylyň binýadyny goýýandygyna düşünýärler. Olar howanyň amatly günlerinden peýdalanyp, ekiniň kadaly boý almagy üçin giň möçberli çäreleri amala aşyrýarlar.
Atyzlarda bugdaýyň ösüş suwuny bermek, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri gyzgalaňly dowam etdirilýär. Şu ýerde atyzlar ekişe taýýarlanylýan döwründe topragyň mineral we organiki dökünler bilen baýlaşdyrylandygyny hem ýatlap geçsek, artykmaçlyk etmese gerek. Bu bolsa ekiniň endigan gögermegine şert döretdi. Mundan beýläk daýhanlar berilýän dökünleriň bugdaýyň kadaly iýmitlenmegine sarp edilmegini gazanarlar. Şu maksat bilen haşal otlaryň garşysyna göreş çäreleri hem giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Onda agrotehnikanyň talaplaryna laýyk gelýän, daşky gurşawa we medeni ekine ýaramaz täsir etmeýän himiki serişdelerden peýdalanylýar.
Häzirki günlerde ýurdumyzyň daýhan birleşiklerinde we hojalyklarynda güýzlük ekine ideg etmek işleri gyzgalaňly dowam etdirilýär. Daýhanlar ýeterlik mukdarda dökün we suw bilen üpjün edilýär. Tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň mehanizatorlary bolsa olaryň hyzmatyndadyr.
Kadyr NAGZYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.



