Žurnalistiň sahypasy

Türkmen futbolunyň şöhraty artýar

26-11-2023 / 12

Dünýä futboluny ösdürmekde FIFA-nyň eýeleýän orny uludyr. Türkmenistan bu gurama bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de sportuň meşhur, hemmeleriň söýýän bu görnüşini giňden ýaýratmak üçin halkara derejede tagallalaryň birleşdirilmegine uly ähmiýet berýär.

Sport adamyň diňe bir beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny şertlendirmän, eýsem, halklary ýakynlaşdyrýan, jebisleşdirýän güýçdür, Türkmenistanda ussat türgenleriň sany ýylsaýyn artýar, dünýä talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan häzirki zaman sport desgalary gurulýar. Ýurdumyzda futboly ösdürmegiň esasy tapgyrlary barada durup geçsek, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 1992-nji ýylda döredilendigini aýtdy. Şol ýylda hem Türkmenistanyň milli ýokary ligasynyň oýunlary, Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşlar geçirilip başlandy. 1994-nji ýylda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy FIFA-nyň we Aziýa futbol konfederasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. 1994-nji ýylda futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Aziýa oýunlarynyň çärýek finalyna çykdy hem-de ýygyndy toparymyz 1995-nji ýyldan bäri futbol boýunça her ýyl geçirilýän halkara ýaryşlara gatnaşýar.

“Aziýa Kubogy — 2022” atly abraýly halkara ýaryşda Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndy topary (23 ýaşa çenli) üstünlikli çykyş edip, bu bäsleşigiň çärýek finalyna çykdy.

Türkmenistanyň AFK-nyň hem-de FIFA-nyň agzalygyna girmegi hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berdi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy çagalar futbolynyň ösdürilmegine hem uly üns berýär. Netijede, 2000-nji ýyldan başlap, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň işjeň gatnaşmagynda hem-de ÝUNISEF-niň FIFA bilen bilelikde guramagynda “Grassroots” futbol festiwaly geçirilýär. Yzygiderli esasda guralýan şeýle festiwallar dürli ýaşdaky futbolçylary özüne çekýär. 2014-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasy hem-de Günbatar Aziýa Futbol federasiýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Her ýyl Türkmenistanyň Futbol federasiýasy FIFA bilen bilelikde ýurdumyzda futbol hem-de kiçi futbol boýunça eminleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin halkara okuw maslahatlaryny geçirýär, onuň jemleri boýunça synaglary üstünlikli geçen eminlere halkara derejeli emin derejesi berilýär.

Şu ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynyň futbol wakalaryna baý bolandygyny bellemek gerek. Bilimler we talyp ýaşlar gününiň yzysüre FIFA-nyň günlerinde futbol boýunça milli ýygyndymyz dünýä çempionatyna taýýarlygyň çäginde ýoldaşlyk oýunlaryny geçirdi. Ýaşlar ýygyndymyz Aziýa çempionatynyň saýlama oýnuna gatnaşdy. Milli çempionatyň öňdebaryjylarynyň bolsa AFK-nyň baýdagy astynda guralýan ýaryşlara girişendigi  Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasyndaky şatlykly pursatlaryň hataryny uzaltdy.

AFK-nyň Çempionlar ligasynda oýnaýan «Ahal» 19-njy sentýabrda «Aşgabat» köpugurly stadionynda Saud Arabystanynyň kubogynyň eýesi «Al-Feýha» klubuny kabul etdi. «Altyn asyr» we «Merw» 1-nji tapgyryň oýunlaryny 21-nji sentýabrda geçirdi. «Merw» Hisor şäheriniň (Täjigistan) «Rawşan» topary bilen, «Altyn asyr» Bişkek şäheriniň (Gyrgyz Respublikasy) «Abdyş Ata» topary bilen duşuşdy.

Guwanç REJEPOW,
Tejen etrabynyň sport mekdebiniň okuw işleri boýunça orunbasary.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu