Žurnalistiň sahypasy

Gurnak işinde sanly serişdelerden peýdalanmagyň ähmiýeti

25-11-2023 / 27

Syýahatçylyk ugurly gurnaklarda çagalara we ýetginjeklere syýahatçylyk düşünjelerini bermekde, Türkmenistan Watanymyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri, tebigy we taryhy ýadygärlikleri bilen tanyşdyrmakda nazary sapaklarda we meşgullanma pursatlarynda sanly serişdelerden, audio we wideo ýazgylardan, ekran eserlerinden peýdalanmagyň ýokary ähmiýeti bardyr. Çünki ýaş syýahatçylar okan we öwrenen maglumatlaryny synlamak, görmek we eşitmek arkaly has netijeli özleşdirýärler. Şonuň üçin gurnak işinde sanly serişdelerden we tehnologiýalardan, elektron usuly gollanmalardan yzygiderli peýdalanmak, olaryň bu ugra we hünäre bolan söýgülerini artdyrmakda oňyn ähmiýetlidir.

Mysal üçin, ýaş nesliň syýahatçylyk düşünjelerini, ýurdumyzyň bu ugurdaky mümkinçilikleri baradaky garaýyşlaryny çuňlaşdyrmakda gözel tebigatymyz, taryhy we medeni ýadygärliklerimiz, milli mirasymyz, baý geçmişimiz we däplerimiz hakynda beýan edýän wideogörnüşlere tomaşa etmek, ondaky sýužetleriň mazmuny hakynda belläp geçmek ýerliklidir. Ajaýyp saz, milli äheň sazlaşykly sýužetler ýaş nesilde ata Watana bolan söýgini, beýik geçmişe, halkymyzyň baý däplerine bolan hormaty hem artdyrýar. Şonuň üçin nazary sapaklarda şeýle sanly serişdeleri biz hem yzygiderli peýdalanýarys.

Ýeri gelende bellesek, Garaşsyz Türkmenistanyň şu günki günde ýeten belent derejesini binagärlik şähergurluşyk pudagynda gazananlaryny wagyz etmek hem syýahatçylyk işiniň esasy ýörelgeleriniň biridir. Şonuň üçin bu hünäri öwrenmäge ýaşlykdan gyzyklanma bildirýän çagalarda we ýetginjeklerde häzirkizaman ösüşlerimiz hakynda hem düşünje bermek, daşary ýurt dillerini öwrenip dünýä döwletlerinden gelýän myhmanlara, syýahatçylara, jahankeşdelere maglumat bermegiň ilkinji başarnyklaryny öwretmek hem möhümdir. Şu nukdaýnazardan paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň gözelliklerini, dünýäni haýrana goýýan binagärlik eserlerini şekilli görnüşleriň üsti bilen synlamaga mümkinçilik döretmek hem gurnak işinde bellärlikli ähmiýete eýedir.

Mundan başga-da, gurnak agzalarynda meýilnama esasynda geçilýän sapaklarda ýörite ýazgylardan, tehniki serişdelerden peýdalanyp degişli tema boýunça ekran eserlerine hem tomaşa etmek guralýar. Munuň özi öwrenilýän taryhy ýeriň geografik ýerleşişini, geçmişini we şu günki gündäki ähmiýetini giňişleýin düşündirmekde netijeli bolup durýar.

Döwrüň ösen mümkinçiliklerinden ruhlanyp, döredilýän şertlerden netijeli peýdalanyp ýaşajyk syýahatçylarda bu hünäre bolan gyzyklanmalary döretmek, ata Watanymyzyň syýahatçylyk pudagynda gazanýan üstünliklerini wagyz etmek, bu hünär boýunça ýokary bilim almaga döredilýän mümkinçilikler barada düşünje bermek, şöhratly türkmen topragyny dünýäniň jahankeşdelerine görkezip onuň at-abraýyny galdyrmak hakdaky duýgulary oýarmak biziň sanlylaşdyrylan esasda geçýän ähli meşgullanmalarymyzyň esasy maksatlary bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň bilim-terbiýeli, döwrebap düşünjeli we baý gözýetimli kemala getirilmegi üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Selbi NURÝAGDYÝEWA,
Mary welaýat «Marguş» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň kompýuter we syýahat gurnagynyň gurnak ýolbaşçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu