Žurnalistiň sahypasy

Bagtyýar durmuşyň gül-gunçalary

24-11-2023 / 13

Balajyklaryň şadyýan gülküleri dünýäniň iň uly gymmatlygyna deňelýär. Ine, şeýle ýörelgä eýerilýän ýurdumyzda körpe nesil hakynda döwlet derejesinde çäksiz uly aladalar edilýär.

Akyldarlaryň biri öz döwründe: «Siz terbiýeleýän perzentleriňize öz mähriňizi, söýgiňizi geçirip bilseňiz, olardan şonça-da mähir alyp bilersiňiz» diýen ýazgyny galdyrypdyr. Görşümiz ýaly, bu aýdylan ajaýyp jümle ene-mamalarymyzyň durmuşyň dürli synaglaryndan geçen paýhasly pikirleri bilen gabat gelýär. Munuň özi ene-atalaryň, islendik uly adamlaryň çaga terbiýesine aýratyn ähmiýet berip, özleriniň örän mähirli bolmalydyklaryny aňladýar.

Baldan süýji balalar bagtyýar durmuşyň gül-gunçalarydyr. Olar biziň röwşen ertirlerimiz, geljegimizdir. Bagtyýar maşgala ojagyny hem çagasyz göz öňüne getirmek, asla mümkin däldir. Öýlerimiziň agzybirligini, abadanlygyny, bagtyýarlygyny goşalandyrýan, dabaralandyrýan balalarymyzdyr. Çagalaryň şadyýan gülki sesleri, olaryň şatlyk-şowhuny dünýämizi bezeýär. Şonuň üçin hem çaga durmuşyň bezegi diýilýär.

Binýady halallykdan tutulan täze taryhy döwrümizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesil barada bimöçber aladalar edilýär. Olaryň sagdyn bedenli, kämil ruhly, bilimli, ylymly, arassa ahlakly, ynsanperwer, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisinde körpeleriň aň-paýhas taýdan ösmegi, amatly dynç almagy we wagtyny gyzykly geçirmegi üçin göwnejaý şertler döredilendir. Çagalar baglarynda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen döredijilik merkezleri we sport zallary, başlangyç kompýuter sowatlylygy we daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin okuw otaglary bar.

Döwlet Baştutanymyzyň çagalaryň sazlaşykly ösüşi barada aýdanlary körpelere bolan ynamyny, olaryň mähriban Watanymyzyň geljekki ösüşine bolan goşandyna buýsanjyny mälim edýär. Häzirki döwrüň körpeleri nurana geljegi gurujylardyr. «Çagalarymyzyň bagtyýarlygy — Watanymyzyň kuwwatydyr» diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Akjagül BALYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 14-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu