
Ýurdumyzda bilim ulgamy döwrebap kämilleşdirilýär. Okatmagyň innowasion usullary ýola goýulýar. Bu usullary netijeli peýdalanmak bilen ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi gazanylýar. Mekdebe çenli bilim edaralarynda-da körpeleri milli ruhda terbiýelemek işi ýokary derejede alnyp barylýar.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda ýaş nesliň ene dili bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin-de uly işler alnyp barylýar. Bu babatda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmuny baýlaşdyrylýar. Şoňa laýyklykda, çagalar baglarynda körpelere daşary ýurt dilleri barada ilkinji düşünjeler berilýär, olary öwretmek üçin bilim we terbiýe bermegiň innowasion usulyndan giňişleýin peýdalanylýar. Körpeleriň öwrenýän daşary ýurt dilinde ýönekeýje gürläp bilmek endikleri gazanylýar.
Çagalar baglarynda körpeleriň sapaga işjeň gatnaşmagy üçin her bir daşary ýurt dillerini okadýan mugallymyň döredijilikli zähmet çekmegi zerur bolup durýar. Şonuň üçin olaryň her gün rus dilinde işlemeklerini ýola goýmak terbiýeçiden sapagy utgaşdyryp guramagy talap edýär. Şunda sapagyň başynda körpelerden rus dilinde Döwlet nyşanlary barada soramak täsirli bolýar. Bu bolsa şol bir wagtda olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge hem ýardam berýär.
Körpeleriň işjeňligini, sapaga bolan söýgüsini gazanmak, şeýle-de ýadawlygyny aýyrmak üçin sapagyň dowamynda tema degişli hereketli oýunlary hem oýnadýaryn. Bu bolsa olaryň ruhuny has-da belende göterip, öwrenýän rus dilindäki täze sözlerini ýadynda berk saklamagyna ýardam berýär.
Sapargül RAZAKOWA,
Daşoguz şäheriniň 32-nji çagalar bakja-bagynyň rus dili mugallymy.



