Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlar — dünýäniň geljegi

24-11-2023 / 11

Haýsydyr bir ýurduň geçmişini öwrenmek isleseň taryha ýüzlenersiň. Şu gününi biljek bolsaň, ol ýurduň syýasaty, ykdysadyýeti bilen tanyşarsyň. Şol ýurduň geljegini görmek isleseň, onuň ýaş neslini tanamak ýeterlikdir. Çünki her bir täze nesil öz ýurdunyň ösüşi, güýç-kuwwatydyr. Şonuň üçin-de ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli ählitaraplaýyn kämil edip ýetişdirmekde hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli işler durmuşa ornaşdyrylýar.

Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Amala aşyrylýan işleriň diňe häzirki däl, eýsem, geljekki nesilleriň hem bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilmegi guwandyryjydyr.

Biri-birinden zyýada bolup gelýän ýyllaryň hersi taryha altyn sene bolup ýazylýar. 2023-nji ýylyň şygarynyň halkymyzyň teklibi esasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Munuň özi nesilleriň jebisligini, agzybirligini, berkararlygyny, asudalygyny we ösüşleriň täze, okgunly gadamyny aňladýar. Döwlet Baştutanymyzyň: «Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesiller düzýär. Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýen sözleri ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini has-da ýokarlandyrdy.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagy ýaşlaryň ykbalynda möhüm wakalaryň hataryndan orun aldy. Pederleriň parasadyny köňüllere nagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagy hem beýik başlangyçlaryň binýadyny pugtalandyrdy, ýaşlaryň maglumat goruny baýlaşdyrdy. Milli Liderimiziň: «Men ýaşlar bilen söhbetdeş bolmagy gowy görýärin» diýmegi ýaşlaryň kalbyndaky ajaýyp duýgulary ganatlandyrdy.

Täze, 2023-2024-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde ýurdumyzda täze bilim edaralary, şol sanda 13 sany çagalar bagy, 19 sany orta mekdep we okuw-terbiýeçilik toplumy açylyp ulanmaga berildi. Hünärmen, magistr we bakalawr maksatnamalary boýunça täze hünärler açylyp, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ýaşlarymyz okuwa kabul edildi. Munuň özi ösüşiň belent sepgitleriniň ylymly-bilimli, döwrebap dünýägaraýyşly nesiller bilen berk baglanyşyklydygyny aýdyň tassyklaýar.

Güller ALLABERDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň 117-nji toparynyň talyby. 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu