
Barha dabaralanýan Bitaraplyk syýasatymyz halkyň ýoluna — pederlerimiziň milli ýörelgelerine esaslanýar. Binýady pähim-parasatdan tutulan türkmen diplomatiýasy ynsanperwerligi, agzybirligi, halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny goramakda dünýä nusgalyk taglymat bolup äleme dolýar.
Dünýäde parahatçylyk hakyndaky taglymatlaryň barha kämilleşmegini isleýän türkmen bitaraplyk nusgasy parahatçylygy döretmek sungatyny dünýä ýaýýar. Kökleri ata-babalarymyzyň hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik ýörelgelerinden gözbaş alýan, dünýä ösüşiniň çarhyna bat beren türkmen Bitaraplyk daragtynyň köki has berkäp, äpet Parahatçylyk daragtyna öwrülýär.
Hemişelik Bitaraplyk — asyrlar aşan gatnaşyklaryň altyn derwezesi. Bagtyýarlyk döwrümizde milli gözbaşlara daýanýan hemişelik Bitaraplyk syýasatymyz mazmun taýdan has-da çuňlaşdy.
Döwlet hökmünde dünýäde öz ornuňy tapmak, özüňi ykrar etdirmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Bu mesele Garaşsyzlygyny gazanan islendik ýaş döwletiň öňünde keserýän ilkinji mesele. Dünýädäki set-müň halkyň, milletiň ählisine, asla, garaşsyz döwletli bolmak bagty-da miýesser etmändir. Onsoň, Garaşsyzlyk diýen her kese ýetdirmeýän bagty gazananyňdan soň, ony näderejede apalamalydygy, goramalydygy öz-özünden düşnüklidir. GARAŞSYZLYK hem-de BITARAPLYK. Bu iki mukaddeslik indi çärýek asyrdan gowrak wagtyň içidir dünýä kartasyna keşde ýaly ýaraşyp duran Türkmenistan döwletiniň goşa ganaty, milletimiziň döwletliliginiň güwäsi.
Ziba JORAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň iňlis dili mugallymy.



