
Suw we beýleki tebigy serişdeleri aýawly saklamak we dikeltmek, çölleşmä, ýerleriň zaýalanmagyna, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Biziň ýurdumyz häzirki we geljekki nesilleriň abadançylygynyň bähbidine ählumumy ekologiýa meselelerini netijeli çözmegiň başyny başlaýjy bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyz 2015-nji ýylda Günorta Koreýanyň Tegu şäherinde geçirilen Bütindünýä suw forumynda diplomatiýa işinde täze ugruň — Suw diplomatiýasynyň döredilmegi hakyndaky meseläni öňe çykardy. Türkmenistan dünýäde ilkinjileriň hatarynda Durnukly ösüş maksatnamalaryna milli derejede goşulyp, häzirki döwürde BMG-niň kabul eden «2030-njy ýyla çenli Gün tertibini» amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar, bu ugurda dünýä döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýulýar.
Geçen döwürde Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmegi bilen, oňa gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda suw diplomatiýasynyň ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Onuň esasynda ýurdumyzda suw syýasaty yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şol syýasat oňyn bitaraplyk ýörelgelerine, özara hormat goýmaga we deňhukuklylyga, halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalarynyň esasyna daýanýar. Suw hojalyk meselelerini toplumlaýyn esasda hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň bähbitlerini göz öňünde tutup çözmek, biziň ýurdumyzyň suw strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Biziň ýurdumyz häzirki wagtda BMG-niň tebigaty goramak hakynda esasy ylalaşygyna, şol sanda biologiýa köpdürlüligi, ozon gatlagyny goramak, çölleşmä garşy göreşmek, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we peýdalanmak hakyndaky Konwensiýa, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna agza bolup durýar we şonuň esasynda öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirýär. Bu ugurlarda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Ýewropa Bileleşigi hem-de beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejelerinde maksatnamalaryň we taslamalaryň onlarçasy amala aşyrylýar.
Reşit WELLANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.



