
Bitaraplyk syýasaty halkara gatnaşyklarynyň taryhynyň iň gadymy döwürlerinden bäri mälimdir. Soňky döwürlerde halkara parahatçylygy we howpsuzlygy, döwletara gatnaşyklary täze mazmuna eýe bolmak bilen, bu ugurdaky çözülmeli wezipeler hem hil taýdan has ýokary derejä çykýar.
Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan gününden başlap, bitaraplyk syýasatyny ýöredip başlady. Aslynda, bitaraplyk türkmeniň ganynda bar häsiýet. Garaşsyz Türkmenistan türkmeniň içki häsiýetindäki dawadan-şerden gaça durmak islegini döwletiň daşary syýasaty derejesine galdyrdy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde «Bitarap — hiç tarapa goşulmaýan» we «Bitaraplyk — bitarap syýasaty ýöretmeklik, hiç bir tarapa goşulmazlyk, gatyşmazlyk» diýlip düşündiriş berilýär. Türkmen Bitaraplygy hem döwletimiziň dünýäde ýüze çykýan dawa-jenjellere, uruşlara gatnaşmazlygyny, uruşýan döwletleriň hiç biriniň tarapyny tutmazlygyny, dünýäde dowam edýän harby bileleşiklere we toparlanyşyklara goşulmazlygyny, dünýäniň ol ýa-da beýleki bir künjeginde dowam edýän uruş hereketlerine gatnaşýan döwletleriň harby ýaraglaryny we serişdelerini, olaryň goşunlaryny öz ýerleriniň üstünden geçirmezligi, öz çäklerinde hiç bir döwletiň we hiç bir harby bileleşigiň ýaraglaryny ýerleşdirmek üçin bazalary döretmäge ygtyýar bermezligini göz öňünde tutýar. Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan şu ýörelgelerden ugur alyp, diňe bir öz ýurdumyzda asudalygyň hem parahatçylygyň dabaralanmagyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, şonuň bilen birlikde, öz ýerleşýän sebitinde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygyň, syýasy durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýar.
Munuň özi Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde dünýäniň sazlaşykly ösüşine işjeň goşant goşýandygynyň subutnamasydyr. Bu ynsanperwer işde bolsa biziň hemişelik, ykrar edilen, oňyn Bitaraplygymyz ygtybarly serişde bolup hyzmat edýär.
Muhammetmurat NARMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.



