Žurnalistiň sahypasy

Magtymguly we nesil terbiýesi

20-11-2023 / 11

Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek we ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgeleriň biridir. Çünki şahyryň döredijiligi öwüt-ündew bilen baglanyşyklydyr, milli terbiýäniň belent nusgasydyr. Şu nukdaýnazardan, ähli bilim-terbiýe ojaklary bilen birlikde, biziň hem çagalar bakja-bagymyzda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli sergiler, diwarlyklar guralýar, dürli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.

Biz öz terbiýeçilik işimizde şahyryň goşgularyny mysallar arkaly getirip, çagalara okap berýäris, olaryň ähmiýetini düşündirýäris. Çünki öwüt-ündew häsiýetli goşgularyň üsti bilen milli terbiýe mekdebi kemala gelýär. Şonuň üçin hem nusgawy edebiýatyň ýaşlaryň kämil şahsyýet bolmaklarynda uly ornunyň bardygy edebiýatçy alymlar tarapyndan bellenilýär.

Ýaşlaryň kämil şahsyýet bolmaklarynda ylym-bilimiň örän uly orny bardyr, çünki bilimli ynsan kämil şahsyýetdir, watansöýüji adamdyr. Şeýle watansöýüji ynsany terbiýelemekde hem çeper edebiýatyň, kitabyň orny uludyr. Şonuň üçin hem Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýaş nesillere okatmak, oňa düşünmeklerini gazanmak ähmiýetlidir.

Umuman, akyldar şahyryň öwüt-nesihat temasynda ýazan ähli goşgulary ýaş nesli terbiýelemekde halkymyzyň ýörelge mekdebine öwrüldi. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip belleýär.

Altyn TÄŞLIÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 21-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu