Žurnalistiň sahypasy

Türkmen akyldary — dünýäň danasy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

20-11-2023 / 12

Türkmeniň ruhy dünýäsiniň, edebiýatynyň, medeniýetiniň, ylmynyň hem-de nesil terbiýesiniň milli öwüşginde kemala gelmeginde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüniň we döredijiliginiň ähmiýeti juda uludyr. Şoňa görä-de, milli söz sungatymyz bilen türkmen mertebesini belende göteren ussadyň şahyrana ýoly nesilleriň ýörelgesine öwrüldi.

Öz döwründe ady jahana dolan ägirtleriň elinde tälim alyp terbiýelenen Magtymgulyny türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň ählisi hem ruhy halypasy hasaplaýar. Şahyryň juda sadadan çuňňur mazmunly eserleri, goşgy ýazyş ussatlygy, beýan ediş tärleri we diliniň şireliligi türkmen dili we edebiýaty ylymlarynyň baý hazynasyna öwrüldi. Onuň parasatly eserleri hünär öwrenmekde, durmuşa taýýarlanmakda, ömür synaglaryndan geçmekde ähli ynsan üçin ruhy goldaw hem-de deňsiz-taýsyz gymmatlykdyr.

Bu günki günde gadymy türkmen diliniň sözlerini öwrenmekde, olaryň many ýaýlasyna aralaşmakda Magtymguly Pyragynyň köp manyly eserleriniň ähmiýeti uludyr.

Many ýüki ýetik şygyrlaryň içinde bolsa il-ýurt, ata Watan, ene toprak, asly mekan, dogduk Diýar waspy öz beýanyny tapýar. Pyragy öz goşgularynda ynsan üçin durmuşda Watandan eziz, Watandan uly mukaddesligiň ýokdugyny, Watany söýmegiň her bir adamyň iliň-günüň, ene topragyň öňündäki perzentlik borjudygyny nygtapdyr. Ýurda ygrarlylygy iýen halal duzuňy haklamak hasaplapdyr. Onuň «Watanda zerewşan idim» diýmegi watansöýerligiň belent nusgasydyr. Çünki bu setirde Magtymguly Pyragy öz ömrüniň manysyny, bagtyny diňe Watany bilen baglanyşykly beýan edýär.

Milli terbiýeçilik taglymatyna, ylym-bilime, watansöýüjilige, ruhy tämizlige, öňdengörüjilige beslenen döredijiligi bilen köňüllerde ýer alan şahyryň abraý-mertebesi ýylsaýyn artyp barýar. Döwürler geçip, döwranlar geldigiçe Magtymgulynyň sarpasy jahana ýaýrar. Çünki ol döwürleriň, ömürleriň, göwünleriň şahyryna öwrülip, bakylyga ýol salan mirasy nesillere galdyrdy. Şonuň üçin hem Berakar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda Gündogaryň söz ussady, türkmeniň akyldary şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanyna tutulýan toýuň dabarasy daglar aşýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, Pyragynyň ajaýyp şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr.

«Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniñ akyldar ogly Magtymguly Pyragynyñ mertebesi türkmen halky üçin iñ belentde goýulýan mukaddeslikleriñ biridir» diýip, türkmen akyldarynyň sarpasyny belende göteren Milli Liderimize, şeýle-de türkmen topragynyň beýik şahsyýetleriniň şan-şöhratyny artdyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.

Batyr ÇARYÝAROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu