Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlar — dost-doganlygyň ilçileri

20-11-2023 / 18

Ýaşlar parahatçylygyň, dost-doganlygyň ilçileridir. Häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýoly dürli ýurtlary, halklary we medeniýetleri birleşdirýän köprä öwrülýär.  Munuň şeýledigini Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forum nobatdaky gezek subut etdi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň dostlukly gatnaşyklarynyň baý taryhy bar. Bu gatnaşyklary täze derejä çykarmakda Maryda geçirilen forumyň uly ähmiýete eýedigini ynamly aýdyp bolar.

Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýanyň çäginden geçip, Ýewropa uzan bu taryhy ýol möhüm ähmiýete eýe bolan köp sanly medeni we söwda merkezleriniň emele gelmegine hyzmat edip, dünýä medeniýetiniň ösmegine, rowaçlanmagyna şert döredipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň galkynmagynyň we bu işe jemgyýetiň hereketlendiriji güýji, Ýer ýüzünde bagtyýar geljegi gurmakda ähmiýetli orny bolan ýaşlaryň işjeň gatnaşmagynyň şu gezekki forumyň gün tertibiniň esasy mazmuny hökmünde kesgitlenilmegi tötänden däldir. Hut döwrebap dünýägaraýşa eýe bolan ýaşlar häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň çözülmeginde çuň many-mazmun bilen üsti ýetirilýän köptaraply gatnaşyklary gurmaga, düýbünden täzeçil, kabul ederlikli çemeleşmeleri öňe sürmäge hem-de durmuşa ornaşdyrmaga ukyplydyrlar.

Ýaşlar täze eýýamda bilelikdäki gülläp ösüşiň hereketlendiriji güýjüdir. Foruma gatnaşyjylar döwlet ýaşlar syýasatynyň möhüm ornuny, islendik döwletiň we milletiň şu gününiň, geljeginiň ýaşlara baglydygyny nygtap, bu ugurda özara tejribe alyşdylar. Netijeli geçen çärä gatnaşan ýaşlar medeniýet, ykdysadyýetiň dürli pudaklary, daşky gurşawy goramak ýaly wajyp ugurlarda bilim-tejribelerini paýlaşdylar.

Ýurdumyzda üstümizdäki ýylyň çuň many-mazmuna eýe bolan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçmegi öňlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik özgertmelerini dowam etdirmek wezipesi duran ýaş nesle bildirilýän uly ynamyň aýdyň nyşanydyr. Bu gün ýaş türkmenistanlylar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, milli we döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar, ylym-bilim, jemgyýetçilik işi bilen meşgullanyp, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösüşine goşantlaryny goşýarlar.

Jennet OMAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu