
Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy (YHG) – sebitleýin hökümetara ykdysady gurama bolup, ol öz işini 1992-nji ýylda täzeden dikeltdi. Şol ýylyň 16-17-nji fewralynda YHG-nyň üsti ýetirilen täze agzalarynyň-da gatnaşmagynda geçirilen döwlet hem hökümet Baştutanlarynyň duşuşygynda kabul edilen resminamada ulag-kommunikasiýa, senagat we oba hojalygy, energetika pudaklarynda işjeň hyzmatdaşlyk etmek göz öňünde tutuldy. Agza ýurtlaryň ykdysady, tehniki, medeni hyzmatdaşlygyny ilerletmek; sebitiň dünýä söwdasyndaky ornuny artdyrmak; agza döwletleriň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyny yzygiderli üpjün etmek; sebitiň ýurtlaryny biri-biri hem-de daşarky dünýä bilen baglanyşdyrýan ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek; sebitiň agrar, senagat mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak; neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy tagallalary birleşdirmek, daşky gurşawy goramak, sebitiň halklarynyň medeni gatnaşyklaryny berkitmek; sebitara we halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işiniň esasy maksatlary we ugurlary bolup durýar.
Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşup, YHG-a girýän döwletler bilen ikitaraplaýyn dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Geçen döwrüň dowamynda ýurdumyz hem-de bu gurama tarapyndan bilelikdäki işiň uly tejribesi toplandy. Munuň özi uzak möhletleýin geljek üçin netijeli gatnaşyklar babatda ygtybarly esasy döredýär.
Türkmenistan YHG-nyň döwlet baştutanlarynyň Sammitlerine işjeň gatnaşýar. 1996-njy ýylyň 13-nji maýynda YHG-nyň Aşgabatda bolan Sammiti Tejen—Sarahs—Maşat demir ýolunyň açylyş dabarasyna gatnaşmakdan başlanypdy. Şol gün Sarahsda Türkmenistan, Özbegistan, Azerbaýjan we Gruziýa ýük gatnatmalary we demirýol gatnawy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada dört taraplaýyn şertnama gol çekipdiler. 1998-nji ýylda Almatyda ECO döwletleriniň üstaşyr ýük gatnatmalary hakda Ylalaşyga gol çekilipdi.
2008-nji ýylyň 28-nji maýynda döwlet baştutanymyz bu guramanyň şol wagtky Baş sekretary Hurşid Anwary kabul edipdi. Türkmenistanyň sebitde geosyýasy hem-de geoykdysady taýdan amatly ýerleşişini göz öňünde tutup, Hurşid Anwar geljekde Stambul—Tähran—Aşgabat—Daşkent—Almaty aralygynda göni ýük gatnawyny açmagyň maksadalaýyklygyny teklip edipdi.
Türkmenistan parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarly bolup we oňyn bitaraplyk ýörelgisine eýerip, sebitleýin derejede, şol sanda YHG-nyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygy işeňňirleşdirmegiň tarapdary bolup durýar. Soňky ýyllarda Türkmenistan sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga ýardam etjek möhüm başlangyçlarynyň birnäçesini öňe sürdi. Ilkinji nobatda, energiýa geçirijileriniň howpsuzlygyny üpjün etmäge, suw-energetika meselelerini çözmäge, sebitara ulag we üstaşyr geçelgeleri döretmäge degişli şol başlangyçlar dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy.
Ýurdumyzda köpugurly ulag infrastrukturasyny döretmegiň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýene bir möhüm ugry bolup, şol infrastrukturanyň ykdysady we sosial ösüş boýunça milli we sebit derejesindäki meýilnamalary üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm faktory bolup durýar. Täze Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ulag geçelgelerini döretmek, şol sanda Ýewropadan Pars aýlagynyň deňiz portlaryna tarap ýoly has gysgaldýan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoluny gurmak boýunça birnäçe başlangyçlar durmuşa geçirildi. Ýewraziýa giňişligindäki beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin örän oňaýly mümkinçilikleri döredýän ulag-kommunikasion taslamalary amala aşyrmak üçin tagallalary işeňňirleşdirmekde hem möhüm işler amala aşyrylýar.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy döredilen gününden bäri onuň Tertipnamasynda beýan edilen ýörelgelere we maksatlara eýermek arkaly, haýsydyr bir syýasy ýa-da ideologik garaýyşlardan azat bolan ykdysady hyzmatdaşlygyň guraly hökmünde öz ugruny saklap galdy. Şu ýörelgelere eýerip, YHG sebitiň çäklerinden çykyp, beýleki halkara guramalary we köpsanly ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär hem-de daşarky dünýä bilen gatnaşyklary giňeldýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň garaýşyny beýan etmek bilen, energetika we ulag ulgamlarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, kämilleşdirilmegini we olaryň diwersifikasiýasyny hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde görkezýär.
Türkmenistanyň YHG bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Esasan hem, ykdysady we durmuş ulgamlarynda sebitleýin taslamalary ilerletmek bilen meşgullanýan iri halkara guramasy hökmünde garaýandygyny we döwletimiziň öz üstüne alan ähli borçnamalaryna we möhüm bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça öň gazanylan ylalaşyklara ygrarlydygyny tassyklanylýar. Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde sebit boýunça ähli goňşulary bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary mundan beýläk hem işjeň ösdürer.
Mergen BAÝRAMMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.



