
Bilşimiz ýaly, Saud Arabystany Patyşalygy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar edip, 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, arap dünýäsiniň ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup 1997-nji ýylda Aşgabatda öz ilçihanasyny açdy.
Gahryman Arkadagymyzyň 2007-nji hem-de 2016-njy ýyllarda Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran resmi saparlary iki ýurduň gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Şol saparlaryň çäklerinde döwletara ylalaşyklaryň we özara düşünişmek hakynda ähtnamalaryň birnäçesine gol çekildi. Iki döwletiň jogapkär wekilleriniň özara iş saparlarynyň netijesinde möhüm maslahatlardyr duşuşyklaryň ençemesi geçirilip, olar dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde täze mümkinçilikleri açdy. Şunda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara saud-türkmen toparynyň ornuny hem aýratyn nygtamak gerek.
Geçen döwrüň dowamynda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň birnäçesi geçirilip, olaryň çäklerinde gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, hususan-da, syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.
Saud Arabystany Patyşalygy hem-de Türkmenistan geografik taýdan amatly çäklerde ýerleşip, tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna we mümkinçiliklere eýedir. Beýik Biribar türkmen döwletine uly mümkinçilikleri, baý medeni mirasy bagyş edipdir. Merkezi Aziýa sebitinde strategik taýdan amatly giňişlikde ýerleşmek bilen, Türkmenistan gysga wagtyň içinde giň gerimli ösüşlere, täze sepgitlere ýetdi. Ýurdumyzyň rowaçlyklara beslenen bu üstünlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň hem ünsüni özüne çekdi. Bitarap döwlet hökmünde goňşulara hormat goýmak we beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgesi esasynda parahatçylygy dabaralandyrmak ugrundaky başlangyçlaryna hem-de tagallalaryna ýokary baha berildi. Türkmenistanyň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara bileleşik tarapyndan giň goldaw tapýandygyny aýratyn nygtamak gerek.
Iki ýurduň hem maýa goýumlar we ykdysady ulgamda özara gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin uly tagalla edýändiklerini aýratyn bellemek isleýärin. Türkmenistan dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmagyň, maýa goýum serişdelerinden peýdalanmagyň oňyn ýoluna eýerýän döwletleriň biri. Munuň özi iki ýurduň umumy gyzyklanmalarynyň, şol sanda medeni gatnaşyklary ösdürmegiň depginine goşmaça badalga berip, dürli görnüşli medeni çäreleri geçirmek arkaly tejribe alyşmakda-da örän möhümdir.
Haýdar HAMRAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.



