
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan täze tehnologiýalary we ylmy gazanylanlary çekmek arkaly milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny okgunly durmuşa geçirmek bilen, halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Şunda goňşy döwletler, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary ilerletmäge uly ähmiýet berilýär.
Ägirt uly senagat we ylmy kuwwata eýe bolan Eýran häzirki günde strategik, hususan-da, sebit derejesinde giň gerimli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşyp, ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda ilkinji orunlaryň birini eýeleýär. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurluşygy şolaryň uly ähmiýetlileriniň biridir. Ol Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň “altyn halkasy” hökmünde Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda ykdysady taýdan has amatly, şol bir wagtda, parahatçylygyň, ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbitlerine hyzmat edýän taslamadyr.
Işewürlik forumlary netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, iki ýurduň işewür toparlarynyň özara gyzyklanmalarynyň artmagyna we göni hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam edýär. Şunda häzirki döwrüň talaplaryny hem-de geljegi hasaba almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň hereketlendiriji guraly bolan hökümetara toparyň işine aýratyn orun degişlidir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabatda dowam edýän Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda türkmen we eýran halklaryny asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy kökleriň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygy nygtalýar. Hut şonuň üçin hem ýurtlarymyz sebitde uzak möhletleýin hyzmatdaş bolmak bilen, häzirki döwürde netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň asyrlarboýy toplanan tejribesini yzygiderli baýlaşdyrýarlar. Esasy ugurlar boýunça, ilkinji nobatda, ykdysady ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlygymyz munuň aýdyň beýany hökmünde barha giň gerim alýar.
Türkmenistanda maýa goýumlar, işewürlik, daşary söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça döredilýän amatly şertleriň türkmen-eýran gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz ýöriteleşdirilen sergä hem-de Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşýanlaryň ählisini bu mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak bilen, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ýola goýmaga we geljegi uly ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga çagyrdy.
Nepes DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.



