
Ylym — ynsanyň durmuş ýodasynyň çelgisi. Bilim ähli mümkinçilikleriň gözbaşy bolmak bilen, adamzat taryhynda aýrylmaz gymmatlyk bolup hyzmat edip gelipdir. Çünki bilimli ynsanyň ertirleriniň ýagty boljakdygy ikuçsuzdyr. Ýagty ertirler bolsa ynsanyň durmuşyny gözelleşdirýän, ony arzuwlarydyr maksatlaryna sary alyp barýan aýdyň ýoldur.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ylym-bilim ulgamy uly üstünliklere beslenýär. Ylym we bilim jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Bu bolsa, ilkinji nobatda, Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynyň wajyp şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda uly tejribe topladyk. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris. Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirýäris» diýip belleýşi ýaly, döwletiň geljegi, jemgyýetiň ösüş tapgyrlary köp babatda ylymly, bilimli ýaş nesillere baglydyr.
Ýaş nesillerimiziň üstünlikleri — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basan ýurdumyzyň üstünlikleridir. Ýaş raýatlarymyzyň döwrebap bilim almaklary, şeýle-de olaryň geljekki hünärini saýlamaklary, öz ukyp-başarnyklaryndan doly peýdalanmaklary, durmuş meýilnamalaryny amala aşyrmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Milli bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipelere ýetmek üçin mynasyp hünär derejeli işgärleri taýýarlamaklygyň zerurlyklary hasaba alnyp, bu ugra oýlanyşykly çemeleşilýär. Bu möhüm wezipeleri amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ähli mümkinçilikler döredilendir. Şol mümkinçiliklere esaslanyp, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany ýyl-ýyldan artdyrylýar. Şonuň bilen bir hatarda, ýokary okuw mekdeplerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak hem-de olaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ýokary okuw mekdeplerini doly hojalyk hasaplaşyk usulyna tapgyrlaýyn geçirmek maksady bilen, tölegli esasda okamaga isleg bildirýänler üçin orunlar bölünip berilýär.
Kerem ALLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.



