Žurnalistiň sahypasy

Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy ýokarlanýar

18-11-2023 / 15

Ýurdumyzyň Mary şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy ýaşlar hyzmatdaşlygynyň barha ilerleýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

Forumyň barşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň arasynda dialogyň goldanylmagy üçin şeýle formatyň döredilmeginiň hem-de ählumumy bähbitleriň halkara giňişlikde ilerledilmegi ugrunda sebitiň ýaşlarynyň güýjüni bir ýere jemleýän gurşawyň emele getirilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy. Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmegiň ähmiýetli taraplarynyň biri-de ýaşlaryň ylymda, bilimde, sportda, tehnologiýada we beýleki ugurlarda aýakdaş gitmegini gazanmakdyr. Halkara çärede oňa gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri bular dogrusynda pikir-garaýyşlaryny beýan edip, geljekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň arasynda gatnaşyklaryň gerimini has-da giňeltmekde forumyň ähmiýetiniň uludygyny bellediler.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň has-da dabaralanýan ýyly bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Şu ýyl Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işleri, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz-nesihat etmekdäki ýokary döredijilik başarnygyny görkezen işjeň ýaşlaryň jemi 140-sy Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi boldy.

…Watançylyk duýgusy ösen nesle agzybirlik, birlik, jebislik ýoly mahsus bolup, gadymy oguz nesilleri watansöýüjiligiň, il-güne, maşgala, ata-enä ygrarlylygyň belent nusgasyny görkezipdirler. Şol ygrar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň häzirki nesillerine-de mahsus bolup, bu günki ýaşlar ata-babalarynyň beýik oguzlardygyna buýsanýar, Arkadagly Gahryman Serdarly, Gahryman Arkadagly berk binýatly berkarar döwletde ýaşaýandyklaryna, okaýandyklaryna, döredýändiklerine guwanýar. 

Ogulhan JANTYÝEWA,
Çärjew etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu