Žurnalistiň sahypasy

Çagalar baglary – nesilleriň kämilliginiň gözbaşy

17-11-2023 / 18

Ýaş nesle berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine ýetirmekde, onuň kämil bolmagynda ata-enäniň orny uludyr. Olar çaga terbiýesinde milli oýunlary, sanawaçlary, matallary ulanyp durmalydyrlar. Çaga terbiýesinde ata-eneleriň hem öňünde uly borç durýar. Her bir maşgala öz çagasynyň ösüşi, terbiýesi üçin jogapkärçilik çekýär, döwletimiz bolsa maşgalanyň öz borçlaryny ýerine ýetirmegi, çaganyň ýaşamagy, goraglylygy we kadaly ösmegi üçin ähli şertleri döredip, olara uly ýardam berýär.

Şahyrana halk döredijiligimiziň çaga durmuşy, çaga oýunlary bilen baglanyşykly görnüşleriniň biri ertekiler we sanawaçlardyr. Gadymyýete ýüzlensek, çagalara ertekidir gyzykly gürrüňleri bermekde zenanlaryň orny uludyr.

Interaktiw tehnologiýalarynyň okuw işine ornaşdyrylmagy okatmagyň usullarynyň kämilleşmegine öz täsirini ýetirdi. Ses, hereket, reňkler sazlaşyp, çaganyň maglumaty dogry kabul etmegine ýardam edýär. Sanlar bilen baglanyşykly matallar, sanawaçlar, tapmaçalar, ýaňyltmaçlar, bir tarapdan, sanamagy, hasaplamagy öwretse, kiçi ýaşly çagalaryň sözlük goruny baýlaşdyrsa, beýleki tarapdan çagalaryň türkmen dilinde dogry ses aýdyşyny kämilleşdirmäge ýardam edýär.

Şu ýerde sapakda alyp barýan işlerimizden mysal getirmegi makul bildik. Ýokarda agzalan sanawaçlary tehnologiýalaryň üsti bilen körpelere ýetirmek uly gyzyklanmany döredýär we olaryň öwrenýän sanawajyny çalt ýatda saklamagyna ýardam edýär. Çagalar bilen iş geçirilende, halk döredijiliginiň alkyş-dilegler, yrym-ynançlar görnüşinden hem peýdalanmak çagalaryň milli däp-dessurlarymyz, yrymlarymyz bilen tanyşmagyna ýardam eder.

Ata-enäniň çagalar bilen alyp barýan işleriniň, okap berýän çeper eserleriniň, halk döredijilik eserleriniň görnüşleriniň sapaklarda ulanylmagy, olary körpeleriň ýadyna salmagyna, gaýtalamagyna, öwrenen maglumatlarynyň berkemegine ýardam edýär. 

Gülnur BABANOWA,
Daşoguz şäheriniň 26-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu