
Ak ertirlerimiziň röwşenligi şu günki ýaş nesil hakdaky aladadan başlanýar. Muňa hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda döwrebap çagalar baglarydyr orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi aýdyň mysaldyr.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe nesle bilim-terbiýäniň başlangyç düşünjeleri berlip, şol bir wagtda-da olar mekdebe taýýarlanylýar. Mekdebe çenli döwür çaganyň pikirlenmesiniň güýçli depginde ösýän wagtydyr. Terbiýeçilerdir mugallymlar hem okatmagyň dürli-dürli usullaryndan we serişdelerinden peýdalanmak bilen, olaryň sözleýiş medeniýetiniň, aň-düşünjesiniň, ýatkeşliginiň kämilleşmegini gazanýarlar. Şunda körpelere daşary ýurt dilleri öwredilende oýunlardan peýdalanmak özüniň oňat netijesini berýär.
Çagalar baglarynda berilýän bilim-terbiýede milli aýratynlyklarymyz göz öňünde tutulýar. Aslynda, halk pedagogikasyna ser salanymyzda, geçmişde çaga terbiýäniň dürli görnüşleriniň berlendigine, onuň akyl terbiýesinde dürli usullaryň ulanylandygyna göz ýetirmek bolýar. Şonda çagalara dürli soraglary bermek bilen, olaryň daş-töweregi özbaşdak synlamaklaryna, tebigatdaky meňzeş we tapawutly zatlary seljerip bilmeklerine mümkinçilik döredipdirler.
Daşary ýurt dilleri öwredilende, mugallym körpeleriň sözleýiş medeniýetiniň kemala gelmegini gazanmak maksady bilen, olaryň şol dili öwrenen mahalynda ýalňyşsyz, dogry gürlemegini, gysga dialoglary dogry aýtmagyny ýola goýýar. Iňlis dilinde sadaja sözleşmek öwredilende, mugallym çagalaryň ýatkeşligini, üns berijiligini, aň-pikirini bir ýere jemlemäge, özlerine erk edip bilmek başarnyklaryny ösdürmäge, olarda watançylyk, ruhubelentlik duýgularyny terbiýelemäge üns berýär. Iňlis dili sapagy esasan, oýundyr görkezme esbaplary, çagalaryň özara işjeňligi arkaly guralýar. Sapagyň dowamynda çagalara gaýtalamak arkaly olaryň öwrenen sözleriniň ýadynda oňat galmagy gazanylýar. Çagalaryň bu ýerde öwrenen sözlerini ene-atalary hem öýlerinde gaýtaladyp, olara «berekella» diýseler, olarda okamaga we öwrenmäge bolan höwes has hem artýar.
Gülnabat SÖÝÜNOWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 8-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.



