
Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan alnyp barylýan çärelere işjeň gatnaşmak bilen, Türkmenistan döwrümiziň bütindünýä kynçylyklaryna garşy göreşmek üçin halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär.
Mälim bolşy ýaly, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy 1948-nji ýylda adamzat saglygyny goramak, dünýäde howpsuzlygy goldamak we nirededigine bagly bolmazdan, her bir adamyň saglygyň we abadançylygyň iň ýokary derejesine ýetmäge mümkinçiligi bolar ýaly, ilatyň goldawa mätäç toparynyň bähbidine hyzmat etmek maksady bilen, 1948-nji ýylda dünýä ýurtlarynyň köpçülikleýin başlangyjy bilen döredildi. Biziň ýurdumyz 1992-nji ýylyň 2-nji iýulynda BSGG-niň agzasy bolup, şondan bäri bu iň iri halkara guramasy bilen hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeldip gelýär.
BSGG «Saglyk» Döwlet maksatnamasy boýunça amala aşyrylýan ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlaryny ulanmak bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, şeýle-de, ilatyň saglygynyň we abadançylygynyň bähbitlerine hyzmat edýän giň gerimli sport infrastrukturasynyň hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilmegini goldaýar.
2022-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistan Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasyndan COVID-19 pandemiýasy wagtynda ýurtda lukmançylyk we jemgyýetçilik işgärleriniň edýän tagallalarynyň ykrar edilmegi hökmünde sylag aldy. Şeýle-de, saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýanyň ösdürilmegine, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goramak boýunça maglumat tory (CARINFONET) bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyga, şeýle hem BSGG tarapyndan döredilen Keselleriň halkara statistiki klassifikasiýasyny girizmeklige we oňa geçmeklige, klassifikasiýa boýunça hünärmenleri taýýarlamaklyga gönükdirilen ädimler girizilendir. Bu ugurda resminama Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk hem sanlylaşdyrmak boýunça birnäçe ugurlar goşulandyr.Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Gyzyl Haç Guramasynyň hem-de Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň arasynda hem bu ugurda işler ulgamlaýyn esasda alnyp barylýar.
Şeýlelik-de, her ýylyň 7-nji apreli – Bütindünýä saglyk güni diýlip yglan edildi. Şonuň esasynda hem BSGG-nyň özünde bu sene soňky 10 ýyllygyň dowamynda adamlaryň durmuş hilini ýokarlandyran jemgyýetçilik saglygy goraýyş pudagynda gazanylan üstünlikleri ýada salmak üçin bir sebäp diýlip hasap edilýär. Şeýle hem şu günüň we ertiriň saglyga degişli möhüm meselelerini çözmek üçin herekete ylham berjek bir mümkinçilikdir.
Amangeldi ARAZKULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.



