
31-nji oktýabrda – Şäherleriň bütindünýä gününde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň merkezi edarasyndan Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigi barada hoş habar gelip gowuşdy. Bu şatlykly habar paýtagtymyzyň ýaşaýjylary bilen birlikde tutuş halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy.
Türkmenistan daşary ýurtlar bilen birlikde, halkara guramalar bilen hem işjeň hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Ýurdumyzyň dünýäniň iň abraýly guramalarynyň biri hasaplanýan BMG we onuň düzüm birlikleri, komitetleri bilen hyzmatdaşlygy hem giň gerime eýe bolýar. ÝUNESKO-nyň «Döredijilik şäherleriniň tory» maksatnamasy 2004-nji ýylda esaslandyrylýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň bu tora dizaýn ugry boýunça tutuş Merkezi Aziýa sebitinden ilkinji bolup goşulmagy aýratyn bellenilmeli buýsançly wakadyr.
Aşgabat dünýäniň iň gözel hem-de adamlaryň ýaşamagy üçin iňňän oňaýly şäherleriň birine öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde paýtagtymyzda giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ýulduz REÝIMOWA,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň direktoryň okuw işleri boýunça orunbasary.



