Žurnalistiň sahypasy

Hasyl toýy — halkyň toýy

13-11-2023 / 8

Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň çar künjeklerinde geçirilen bereketli türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini öz içine alýan mowzuklaýyn sergiler, öňdebaryjylary daýhanlary sylaglandyryş dabaralary, ylmy-amaly  maslahatlar, aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri bu baýramyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň “Ak öý” binasynyň öňündäki meýdançasynda Hasyl toýy baýramçylygy mynasybetli geçirilen çäre welaýatymyzyň il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň, öňdebaryjy oba hojalyk işgärleriniň, talyp ýaşlaryň hem-de sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda ýokary ruhubelentlige beslendi.

Ýörite taýýarlanan meýdançada welaýatymyzyň oba hojalygynda gazanylan üstünliklerini açyp görkezýän  oba hojalyk önümleriň, şeýle hem welaýatymyzyň heýkeltaraşlarynyň, zergärleriniň, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergileri, türkmen milli oýunlary, milli göreş boýunça pälwanlaryň we ýaş türgenleriň çykyşlary görkezildi. Şeýle-de bu ýerde gurnalan amaly-haşam sungatynyň eserleri, türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny hem-de durmuşyny beýan edýän sergi we milli tagamlaryň taýýarlanylyşy  dabara gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Merkezi sahnada ýokary derejede gurnalan dabara welaýatymyzyň teatr we folklor toparlarynyň bilelikde taýýarlan çykyşlary aýratyn mana eýe boldy.

Zähmet üstünliklerimiziň jemini jemleýän baýramçylyk çäreleri, toýdur dabaralar bu günüň türkmen halkynyň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýedigini alamatlandyrýar. Şeýle toýlaryň ýygy-ýygydan geçirilip, dabaraly bellenilmegi, oba hojalyk pudagynyň gülläp ösmegine itergi berer. Goý, babadaýhanlarymyzyň çeken zähmetiniň oňyn miweleri rysgal-berekediň altyn çäji bolup, milletimiziň agzybir suprasyny bezesin! Hasyl toýyňyz gutly mübärek bolsun eziz ildeşler!

Gözel EMINOWA,
Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň ylmy işgäri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu