Žurnalistiň sahypasy

Daýhan toýy

13-11-2023 / 15

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna Hasyl toýy ýurdumyzda giňden bellenildi.

Hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde ýurdumyzyň her bir raýatyna, şol sanda türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Daýhanlarymyzyň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary bilen yzygiderli üpjün edilmegi, olar üçin tehniki hyzmatlaryň, tohumlaryň, dökünleriň we himiki serişdeleriň ýeňillikli bahalardan berilmegi, öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi esasynda türkmen topragynda bugdaýyň, «ak altynyň», gök-bakja önümleriniň, dürli miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly öndürilýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň Hasyl toýy mynasybetli iberen Gutlagynda oba hojalyk işgärleriniň, daýhanlaryň ýokary öndürijilikli işlemekleri, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamaklary üçin ähli şertleriň döredilýändigi nygtalýar. Oba hojalyk ekinlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösdürip ýetişdirmekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan ýokary öndürijilikli döwrebap, kuwwatly oba hojalyk tehnikalary, enjamlary we gurallary yzygiderli satyn alynýar. Daýhanlar topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar, ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen ýeňillikli bahalardan üpjün edilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylýan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Merdana oba zähmetkeşleri özleri barada döwletimiz tarapyndan yzygiderli edilýän aladany duýup, ýokary ruhubelentlik bilen yhlasly zähmet çekýärler. Olar sahawatly türkmen topragyndan ekinleriň bol hasylyny öndürmek arkaly ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Hasyl toýuna gabatlanyp, Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän Arkadag şäheriniň golaýynda 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň açylyş dabarasynyň geçirilmegi aýratyn guwançly wakadyr.

Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde dabaraly maslahatlar we öňdebaryjy oba hojalyk işgärlerini sylaglamak dabaralary, baýramçylyk konsertleri, beýleki medeni-köpçülik çäreleri geçirildi.

Züleýha AGAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu