Žurnalistiň sahypasy

Türkmenistan — Hytaý: taryhdan şu güne

14-11-2023 / 12

Taryhyň jümmüşlerine aralaşyp gidýän hyzmatdaşlyk häzirki döwürde ösüşiň täze görnüşlerine eýe bolýar. Taryhy köklere daýanýan bu hyzmatdaşlyk iki ýurduň daşary syýasatynda esasy orna eýe bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenildi. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpýyllyk taryhy bar. Şol döwürleriň dowamynda iki halkyň arasynda birek-birege düşünmek, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň we dünýägaraýyşlaryň özara alyşmasy ýaly peýdaly ösüşler bolup geçdi. Birwagtlar ýurtlarymyzy birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda alyş-çalşygy däl-de, eýsem, giň siwilizasion gatnaşyklar üçin hem köpri boldy. Täze görnüşde dikeldilýän bu ýol häzirki döwürde ýurtlaryň we halklaryň ýakynlaşmagy üçin kuwwatly güýç bolup hyzmat edýär, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, özara düşünişmäge, hyzmatdaşlyga, döwletleriň hem-de sebitleriň arasyndaky gatnaşyklaryň berk binýadynyň ýüze çykmagyna ýardam berýär. Şeýlelik-de, 2013-nji ýylyň sentýabrynda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakynda bilelikdäki Jarnama gol çekilip,  türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy täze, has ýokary derejelere çykaryldy.

Häzirki wagtda Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny utgaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Häzirki zaman şertlerinde özara bähbitleriň bolmagy Türkmenistana we Hytaýa bu strategiýalary durmuşa geçirmegiň çäginde hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bularyň ikisi hem Ýuwaş ummandan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly giňişlige döwrebap ýörelgelerde birleşdirip, Ýewraziýanyň ykdysady ösüşine güýçli itergi bermäge gönükdirilendir. Olar birek-birege bagly bolan önümçilik we tehnologik ulgamlary, senagat guşaklyklaryny döredip, köp sanly durmuş meselelerini çözmegi, halklaryň ýaşaýyş derejesiniň, hal-ýagdaýynyň hilini ýokarlandyrmagy üpjün eder.

«Bir guşak, bir ýol» esaslandyrmak başlangyjy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine degişlidir. Onuň taslamasy HHR-iň Lideriniň 2013-nji ýylda Gazagystana amala aşyran sapary wagtynda hödürlenildi. Ol sebitleýin goşulyşmagy çuňlaşdyrmak, söwdany ösdürmek we ykdysady ösüşi gowulandyrmak üçin guryýer hem-de deňiz ýollary arkaly Aziýa yklymyny Afrika we Ýewropa bilen birleşdirmegi göz öňünde tutýan maksatnamadyr. Bu başlangyç iki ugry — Ýüpek ýolunyň ykdysady guşagyny we XXI asyryň deňiz Ýüpek ýoluny öz içine alyp, onda infrastruktura desgalaryny ösdürmek üçin maýa goýumlary çekmek ileri tutulýar.

«Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahaty Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň 60-dan gowrak ýurduny birleşdirýän täze söwda-ulag geçelgelerini döretmek, häzirki hereket edýänlerini bolsa kämilleşdirmek boýunça Hytaýyň halkara başlangyjy bolup durýar.

Häzirki wagtda özara hormat goýmak, dostluk we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklary ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürilýär. Iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykaryldy.

Hytaý ýurdumyzyň iri söwda hyzmatdaşydyr. Nebitgaz ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda eýýäm birnäçe iri taslamalar amala aşyryldy. 2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi munuň subutnamasydyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi deňhukuklylyga, özara artykmaçlyklara düşünmäge, gaz geçirijiniň işe başlamagy bilen açylan geljegi we mümkinçilikleri giňden görmäge esaslanan hakyky hyzmatdaşlygyň nyşany boldy. Häzirki wagtda bu gaz geçiriji HHR-e türkmen «mawy ýangyjynyň» uzak möhletleýin esasda iberilmegini üpjün edýär. Bu ugurda iki ýurduň hem uly kuwwatynyň bardygyny bellemek gerek.

Türkmenistan parahatçylygyň, strategik hem-de sebit durnuklylygynyň berkarar bolmagyna hemmetaraplaýyn ýardam edilmegine, dostlukly döwletlerimiziň, halklaryň howpsuz we durnukly ösüşi üçin şertleriň döredilmegine gatnaşyklaryň baş ugry hökmünde garaýar. Türkmenistan Hytaý bilen diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, köptaraplaýyn esasda — iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça, «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Bu ýurtlaryň halklaryny türkmen halky bilen köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary, medeni we ruhy däpleriň umumylygy birleşdirip, hyzmatdaş ýurtlar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz «Açyk gapylar» hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny bu gümki gün üstünlikli amala aşyrýar.

Ybraýym ATANIÝAZOW,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu