Žurnalistiň sahypasy

Magtymguly Pyragy – dünýä edebiýatynyň genji-hazynasy

13-11-2023 / 12

Magtymguly Pyragy diňe bir türkmeniň milli şahyry bolman, eýsem, ol dünýä edebiýatyna ummasyz goşant goşan beýik akyldardyr. Akyldaryň döredijiligini dünýä edebiýatyndan, türki halklaryň gadymy edebi däplerinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl, çünki şahyr hemişe özünden öňki ägirtleriň döredijiligini içgin öwrenipdir we olaryň öňe sürýän ynsanperwer ýörelgelerini öz eserlerinde döredijilikli ulanyp, ölmez-ýitmez eserleri döredipdir.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şygryýetiň almaz täjine eýe bolandyr. Şahyryň şygyrlarynyň şirwan setirleri halk içinde nakyla, adamlaryň durmuş maslahatçysyna öwrüldi. Adaty sözleýişden tä ylmy garaýyşlara çenli, Pyragynyň pikir-pelsepelerine esaslanýar. Magtymguly Pyragy — türkmen halky üçin şahyrçylykdan hem ýokary, ruhy kämillige ataryjy gudrat derejesinde kabul edilýär.

Türkmeniň ruhy sütüniniň öwüşgini Magtymguly Pyragynyň şygyrlary halkymyzyň kalbynyň owazydyr. Söz äleminiň zergäri akyldar şahyryň edebi mirasy, ýiti pähim-paýhasy, belent mertebesi, ruhy baýlygy, dil aýratynlygy, pikir ummany, tapylgysyz hazynadyr. Söz ussadynyň her bir setiri türkmeniň kalbynda ebedilik ornaşyp, asly nurdan bolan milletimize geljegiň aýdyň ýoluny salgy berýär.

Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz edebi mirasymyza, ýazyjy-şahyrlarymyzyň nusgalyk döredijiligine uly sarpa goýýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan baýram edilmegi mynasybetli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde — Köpetdagyň belentliklerinde Magtymguly Pyragynyň deňsiz-taýsyz heýkeliniň dikeldilmegi hem dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrülen akyldar şahyrymyzyň pelsepewi taglymatyna belent derejede ähmiýet berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Oguljan MURADOWA,
Çärjew etrabynyň 43-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy. 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu