
Her ýyl bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem türkmen topragy özüniň sahawatlydygyny ýene bir ýola subut etdi. Daýhanlarymyz Hasyl toýuna uly zähmet ýeňşi bilen bardylar.
Ata-babalarymyzyň maňlaý deri garylan, nazary düşen, aýak yzlary galan, ene mamalarymyzyň ýürek mähri siňen türkmen topragynyň ykbaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has belende göterilýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda halkymyzy täze ösüşlere ýetirmek, oba hojalygy boýunça hem ýurdumyzda düýpli reformalary geçirmek işleri rowaç aldy. Şonuň netijesinde oba hojalygyny ösdürmek obalarymyzy galkyndyrmak meselesine aýratyn uly üns berilmegi we bu ugurdan anyk hem aýdyň çözgütleriniň kabul edilmegi ýurdumyzy uly üstünliklere besläp, öz netijelerini berýär. Bu gün öz zähmetine guwanýan, halal zähmetiniň miwesini iň uly baýlyk-bereket diýip bilýän türkmen daýhany öz päk zähmetiniň rehnedini görüp, rysgal-berekediň bolçulygyň, ýerden bol hasyl almagyň lezzetine guwanýar.
obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeler oba ilatynyň ýaşaýyş durmuş şertlerini gowulandyrmaga, daýhan hojalyklarynyň, daýhan birleşikleriniň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda azyk bolçulygy, halkymyzyň iýjek azyklyk bugdaýynyň ýokary hilli saklanyş usullary barada hem alada edilýär. Türkmenistan özüniň taryhynda ilkinji gezek öz öndürýän dänesinden artyk bölegini daşarky bazara satýan döwletleriň hataryna goşuldy. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý hasylynyň bol ösdürilip ýetişdirilýän sebitlerinde döwrebap elewatorlar gurulýar.
Her ýylda Hasyl toýy ýurt derejesinde uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Däneçilikde, pagtaçylykda we oba hojalygynyň beýleki ugurlarynda zähmet çekip, ýokary netije gazanan daýhanlara, mehanizatorlara we oba hojalyk işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, diplomlar gowşurylýar.
Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmekde daýhanlaryň netijeli işlemegi, olaryň amatly dynç almagy we durmuş ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmakda alyp barýan nusgalyk işleri üçin hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir.
Aýgözel ROZYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat Halaç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.



