
Bilim — ynsanyň durmuş ýodasynyň çelgisi. Bilim ähli mümkinçilikleriň gözbaşy bolmak bilen, adamzat taryhynda aýrylmaz gymmatlyk bolup hyzmat edip gelipdir. Çünki bilimli ynsanyň ertirleriniň ýagty boljakdygy ikuçsuzdyr. Ýagty ertirler bolsa ynsanyň durmuşyny gözelleşdirýän, ony arzuwlarydyr maksatlaryna sary alyp barýan aýdyň ýoldur.
Garaşsyz döwletimizde ýaşlaryň hukuklary hem ygtybarly goralýar. Ýaş maşgalalar üçin döredilýän durmuş ýeňillikleri artdyrylýar. Olara goldaw bermek, häzirki zaman ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler amala aşyrylýar.
Ýaşlara okajak mekdebini, okuwyň dilini, ugruny we görnüşini saýlap almaga doly hukuk berilýär. Olary iş bilen üpjün etmek, hünäri saýlap almak meselelerini çözmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Kabul edilen döwlet maksatnamalaryna, şol sanda ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, ýaş raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi gowulandyrylýar. Olaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Ýaş nesillerimiziň üstünlikleri — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basan ýurdumyzyň üstünlikleridir. Ýaş raýatlarymyzyň döwrebap bilim almaklary, şeýle-de olaryň geljekki hünärini saýlamaklary, öz ukyp-başarnyklaryndan doly peýdalanmaklary, durmuş meýilnamalaryny amala aşyrmaklary üçin ähli şertler döredilýär.
Milli bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipelere ýetmek üçin mynasyp hünär derejeli işgärleri taýýarlamaklygyň zerurlyklary hasaba alnyp, bu ugra oýlanyşykly çemeleşilýär. Bu möhüm wezipeleri amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ähli mümkinçilikler döredilendir. Şol mümkinçiliklere esaslanyp, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany ýyl-ýyldan artdyrylýar.
Şeýlelikde, ýaşlarymyz ýakyn geljekde eziz Watanymyzy täze sepgitlere hem-de uly üstünliklere ýetirmelidir. Çünki Türkmenistan ýaşlaryň sagdyn ösüp, giň dünýägaraýyşly, dünýä ýaşlary bilen deň gadam urup bilýän nesiller bolup ýetişmegi ugrunda çuňňur aladalar edýän bilimler ýurdudyr.
Merdan ESENOW,
Halaç etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.



