Žurnalistiň sahypasy

Bilimler ýurdy

10-11-2023 / 13

Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Islendik döwletiň durnukly we sazlaşykly ösüşi ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, bu möhüm ugurlarda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegi hemişe üns merkezinde saklanylýar. Ýurdumyzda her ýyl orta we ýokary bilim edaralary, çagalar baglary, sagaldyş we sport merkezleri giň gerimde gurlup ulanmaga berilýär. Asylly däbe görä, şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde hem täze bilim edaralary, şol sanda 13 sany çagalar bagy, 19 sany orta mekdep we okuw-terbiýeçilik toplumy açylyp ulanmaga berildi.

Hususan-da, Arkadag şäherinde Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy we beýlekiler dabaraly açyldy. Şunuň bilen bir hatarda, Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň döwrebap binalar toplumynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň we aýlawly ýolda monumentiň düýbüni tutmak dabaralary boldy.

Amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň çäklerinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bilim ulgamyna jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin binýatlaýyn esas hökmünde garalýar. Häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilip, bu ugurda ädilýän ädimler, ilkinji nobatda, doly derejeli we köpugurly bilim almak, sazlaşykly ösen ýaş nesli, hakyky watançylary terbiýelemek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Muny döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan çagalara ýörite ornaşdyrylan programma üpjünçilikli «Bilimli» atly kompýuterleriň ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurylmagy hem tassyklaýar.

Watanymyzyň gazanan üstünliklerinden ylham alýan bagtyýar ýaşlar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlas bilen zähmet çekýärler, milli we döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar, ylym-bilim, jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanýarlar, döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýärler. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorkda açylýan nobatdaky 78-nji sessiýasynda beýan ediljek ileri tutulýan garaýyşlarda hem ýaşlar meselesiniň bolmagy tötänden däldir. Çünki Türkmenistan ýaşlaryň sagdyn ösüp, giň dünýägaraýyşly, dünýä ýaşlary bilen deň gadam urup bilýän nesiller bolup ýetişmegi ugrunda çuňňur aladalar edýän bilimler ýurdudyr.

Gülnabat AMANSÄHEDOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu