
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ählihalk bag ekmek maksatnamasynyň, ilkinji nobatda, ekologik nukdaýnazardan, şol sanda halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi babatda hem uly ähmiýetlidigini yzygiderli belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ilatly ýerleriň töwereginde täze tokaý-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Öz çäklerini barha giňeldýän şäherleriň eteklerinde kemala gelýän şeýle zolaklar adamlar üçin örän bähbitlidir.
Iň gadymy döwürlerde-de adamlar dogduk ülkesini gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek üçin suwaryş ulgamlaryny döredip, dürli görnüşli baglary ýetişdiripdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredilýän mümkinçilikleriň we öňdebaryjy usullaryň netijesinde bu işler netijeli häsiýetde ýerine ýetirilýär. Bagy-bossanlyga büremek maksatnamasynyň möçberini nazarda tutup hem-de ýokary hilli nahallara barha artýan islegi kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda olary ýetişdirmegiň öňdebaryjy täze usullary ornaşdyrylýar. Ýaşyl tokaý zolaklarynyň kemala getirilmeginiň öňdebaryjy suw tygşytlaýjy oba hojalyk tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy bilen utgaşyklylykda alnyp barylmagy hem möhüm ähmiýete eýedir.
2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Arkadag şäheriniň golaýynda geçirilen “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagy açyk asmanyň astyndaky uly möçberli ekologik çäre boldy. Bu çäräniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi ýurdumyzda ekologik abadançylygyň pugtalandyrylmagynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýany boldy. Türkmen halky ähli döwürlerde-de tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji ýaly gorap gelipdir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ekologik abadançylyga möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ata-babalarymyzdan miras galan daşky gurşawa aýawly garamak ýaly milli däplerimiz häzirki günde aýratyn uly ähmiýete eýe bolýar. Her ýyl ýurdumyzda ählihalk bag ekmek çäreleri geçirilip, dürli görnüşli bag nahallarynyň ýüz müňlerçesi ekilýär. Olaryň ösüp ulalmagy bilen, jana şypaly, arassa howaly türkmen topragy bagy-bossanlyga bürenip, halkymyzyň tebigata bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Ýurdumyz ekologik abadançylygy üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýada we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işleri amala aşyrýar.
Laçyn DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.



