
Ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, import edilýän önümleriň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleri öndürmekligi işjeňleşdirmek, tebigy serişdeleri rejeli hem-de toplumlaýyn peýdalanmak, täze iş orunlaryny döretmek, innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli çäreler yzygiderli amala aşyrylýar.
Ykdysady özgertmeler, öňi bilen, ykdysadyýetiň pudaklarynyň işini täzeçe, döwrüň talabyna laýyk guramaga we ony kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetiň özboluşly milli nusgasyny kemala getirmäge mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri — milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, bazar-institusional özgertmeleri mundan beýläk hem ilerletmek, durmuş ulgamynyň durnuklylygyny saklap galmak we ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak bolup durýar.
Ýurdumyzda eksporta gönükdirilen we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän, çig maly gaýtadan işleýän pudaklar, ýagny himiýa, nebitgaz himiýasy, maşyn gurluşygy, metal işlemek, dokma, azyk senagaty hem-de beýleki pudaklar çalt depginler bilen ösýär. Senagat önümleriniň möçberleri ep-esli artýar, ýerli önümçiligiň hasabyna içerki bazaryň azyk önümleri bilen üpjünçiligi has-da ýokarlanýar, sebitlerde täze kärhanalar gurulýar, halkara we milli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda döredilen berk ykdysady binýat we durmuş ulgamynda ýetilen sepgitler Türkmenistanyň geljekki ösüşiniň ygtybarly girewidir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, halkara zähmet bölünişiginde Watanymyzyň mynasyp ornuny, ykdysadyýetiň durnukly we kadaly ösüşini üpjün etmek, ykdysady ösüşi ýokary depginlerde saklamak, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek maksady bilen, giň gerimli ykdysady özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Serdar EMINOW,
TOHI-niň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.



