
Aşgabady ösdürmegiň täzeçil şähergurluşyk konsepsiýasyny işläp taýýarlamagyň gözbaşynda duran Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Ýurdumyzda şähergurluşyk ulgamyny ösdürmek üçin kämil bilim ulgamy döredildi. Şu mümkinçiligi giňden ulanyp hem-de ösdürip, ýaş binagärleriň, dizaýnerleriň, inženerleriň döredijilik başlangyçlaryny, täzeçil tekliplerini yzygiderli höweslendirip durmaly» diýip, bu ugurda halypa-şägirtlik mekdebiniň kemala getirilmegini möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitledi. Täze taryhy döwürde ýaşlaryň paýtagtymyzyň jemgyýetçilik-syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşýandyklaryny, binagärlik-gurluşyk çözgütlerinde olaryň döwrebap çemeleşmeleriniň hasaba alynmagyna aýratyn üns berilýär.
Bilşimiz ýaly, ýaňy-ýakynda gözel paýtagtymyz Aşgabat ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriniň torunda (UCCN) «Dizaýn» kategoriýasyna goşulyp, dünýäniň medeni pudagyň ösüşine goldaw bermek üçin hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýän beýleki 54 şäheri bilen birlikde UCCN-iň bir bölegine öwrüldi. Täze şäherler ösüş strategiýalarynyň bir bölegi hökmünde medeniýeti we döredijiligi ulanmaga hem-de ynsanperwer şäher meýilnamasynda innowasiýa tejribesini görkezmäge berk ygrarlylygy üçin ykrar edildi.
Tora girýän şäherler 2024-nji ýylyň 1 — 5-nji iýuly aralygynda Portugaliýada «Geljekki on ýylda ýaşlary gepleşikler stolunyň başyna getirmek» atly mowzuk boýunça geçiriljek ÝUNESKO-nyň ýyllyk konferensiýasyna gatnaşmaga çagyrylar.
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň degişli düzüm birlikleri we komitetleri, onuň halkara hünärmenleri bilen bilelikde bu ugurdaky işe 2021-nji ýylda girişdi. Şu geçen ýyllaryň dowamynda halkara jemgyýetçilik Aşgabat şäherini dünýäniň iň gözel, ajaýyp, tehnologik taýdan ösen şäheri hökmünde ykrar etdi. Paýtagtymyzyň häzirki zaman halkara urbanistika kadalary bilen ösýändigi aýratyn bellenilip, oňa ýokarda agzalan hukuk derejesi berildi.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasynyň amala aşyrylmagy netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Aşgabat ata Watanymyzyň ýüregidir, ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki ornuny, at-abraýyny görkezýän parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň merkezidir.
Tawus NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby.



