Žurnalistiň sahypasy

Daýhandan hereket — ýerden bereket

05-11-2023 / 8

Halkymyzda «Daýhandan hereket — ýerden bereket» diýlip aýdylan ajaýyp bir jümle bar. Hakykatdan-da, toprak maňlaý derini aýaman zähmet çekýäne berekedini bolluk bilen eçilýär. Munuň şeýledigine rysgyny toprakdan gözleýän her bir ynsan oňat düşünýär.

Ýurdumyzyň oba hojalygynda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Şu günler ýurdumyzyň oba hojalygynda gyzgalaňly möwsüm dowam edýär. Bu pudagy dolandyrmagy we özgertmegi kämilleşdirmek esasy ugurlaryň biridir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda pagta ýygym möwsümi dowam edýär. Daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan pagta süýümi milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik döredýär. Täzeçil tehnologiýa esaslanýan häzirki zaman önümçiliginiň guralyşynda pagta süýümi Diýarymyzyň dokma senagaty üçin örän gymmatly çig mal hasaplanýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dokma senagatynyň önümçilik binýady yzygiderli döwrebap ýagdaýa getirilýär. Ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň döredilmegine uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär. Şonuň netijesinde, içerki we daşarky bazarlar üçin dürli görnüşli önümleri öndürmek ýola goýulýar. Bu dokma önümleri dünýäniň onlarça ýurduna eksport edilýär. Ekologiýa taýdan arassa önüm bolan pagta süýümi dokma önümçiliginde giňden ulanylýar. Bu bolsa türkmen topragynda öndürilýän «ak altynyň» — milli baýlygymyzyň gymmatlydygyny görkezýär.

Oba hojalygynda düýpli özgertmeleriň dowam edýän döwründe ulgamyň kuwwaty artýar. Pudagyň häzirki zaman önümçilik hem-de hyzmat düzümini döretmek, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak şol özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr.

Farida AZADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby. 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu