Žurnalistiň sahypasy

Türkmen sazy — ýürekleriň owazy

05-11-2023 / 29

Türkmen sazynyň milli owazy, heýjanly duýgular dünýäsi söz mülküniň gadymdan gelýän hazynasydyr. Ol nurana ahwalyň müňlerçe öwüşginini, owazlar kökenini, mylaýym milli äheňlerini duýýan ynsan türkmeniň kimdigine göz ýetirip başlaýar.

Sazanda dutara dil bitirende, syrly owazlaryň arasyndan türkmeniň taryhy, janly durmuş sahnalary ör-boýuna galýar. Käbir sazlary kyrk dürli çalmagy başaran türkmeniň saz dünýäsinde ýeten derejesine haýran galýarsyň. Türkmen sazlary owaz öwüşginleri, özboluşly heňleri bilen arkama-arka dowamly bezelip gelipdir. 

Hawa, ähli ruhy hallary sazyň gudratly güýjünden susup alýan türkmen halkymyz köňle laýyk zada: «Saz bolupdyr» diýýändir. Halkymyzyň beýik sadalygynyň özi şu goýazy düşünjeden gözbaş alýar. Türkmen sazlaryny öwreniji W.Uspenskiý dutara: «Dünýäde iň çylşyrymly sazlary çalýan iň sada saz guraly» diýende-de, halkymyzyň saz sungaty bilen bitewüleşýän milli pelsepesini nazarlan bolmaly. Aslynda, ençeme zatlaryň mukama meňzeşligi üçin ynsan kalbyna ýakyn duýulýan bolmaly.

Keremli topragymyz kyrk dürli owazly äpet dutara meňzeýär. Ol dag başyny gümmürdedýän hatar-hatar bulutlara, dilkaw-dilkaw döşlerinden gaýdýan heserli sillere bakyp, öz mukamyny çalýar. Al-ýaşyl öwsüp oturan bag-bossanynyň arasyndan mylaýym ýel bolup böwsüp geçýär. Halkymyz bu gün öz gadymy sazyny milli owazlar dünýäsinde bitewüleşdirip, Berkarar döwletimiziň belent ruhly dünýäsini mukamlar senasynda giň jahana ýaýýar.

Baýramgül AMANGELDIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Halk saz gurallary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi. 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu